Null adasy barada eşiden bolmagyňyz mümkin. Aslynda beýle ada ýok. Şeýle-de bolsa, bu “ada” kartalarda orun alýar we karta düzýänler tarapyndan gaty gowy tanalýar we dünýä kartasynyň aýrylmaz bölekleriniň hataryna girýär.
Null adasy nol dereje giňişlikde we nol dereje uzynlykda ýerleşýän ýere berlen wekilçilikli at bolup durýar. Başgaça aýdylanda, Ýeriň esasy meridiany bilen ekwatoryň kesişýän ýeri. Null adasy – Afrikanyň günbatar kenaryndaky gündogar tropiki Atlantik ummanynyň bir bölegi bolan Gwineýa aýlagynda kiçijik nokat hökmünde bellidir.
Hakyky dünýäde Null adasy diňe Atlantikada ýalňyz ýüzüp ýören buýdan ýagny, suwuň ýüzünde ýüzüp ýören zabyrly signal belgisinden ybarat.
Analitikler we karta hünärmenleri ýalňyşlyklary yzarlamak üçin gural hökmünde 0 ° N 0 ° E koordinatlaryny ulanyp, bu nokady “Null Adasy” diýip aýdýarlar. Gysgaça aýdylanda, hakykatda diňe bir null ada bar we aslynda bu ada däl-de, buý. Ýöne sanly kartalarda köp wirtual null adalary tapyp bar.
Täçgül HAJYNAZAROWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler