2023-nji ýylda syýahatçylyk maksady bilen 33,7 müň türkmen raýaty Russiýa bardy. Bu görkezijilere görä, Türkmenistan geçen ýyl daşary ýurt raýatlarynyň Russiýa eden syýahatlarynyň sanawynda bäşinji orunda durýar.
Maglumatlara görä, 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende, daşary ýurtlularyň Russiýa Federasiýasyna syýahatlarynyň sany 15,7% artdy. Daşary ýurt raýatlarynyň 2023-nji ýylyň ahyrynda Russiýa eden saparlarynyň umumy sany 15,4 million boldy, şolardan 670,69 müň syýahatçylyk maksady bilen amala aşyryldy.
Russiýa syýahatçylyk saparlarynda birinji orny Hytaý uly tapawut bilen eýeledi – 199,8 müň myhman, Germaniýa ikinji ýerde (55,8 müň syýahatçy), 47,5 müň syýahatçysy bilen Türkiýe üçünji ýerde durýar. Ondan soň BAE (42,47 müň), Türkmenistan (33,7 müň), Eýran (29,5 müň), Gazagystan (16,29 müň), Hindistan (14,6 müň), Estoniýa (14 .5 müň adam) bar. Latwiýa 13,2 müň syýahatçy bilen ilkinji onlugy tamamlaýar.
Taganbibi JUMAMYRADOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler