Elipbiý ýa-da harplar barada

Alfabit sözi grekleriň elipbiýindäki ilkinji Alfa we Betta (A we B) harlaryň goşulyşyp aýdylmagyndan emele gelen söz bolsa, Türkmen dilimizdäki Elipbiý sözi araplary Elif we Be (A we B) harplarynyň goşulyşmagynyň netijesindedir. Türkmen diliniň harplary ýa-da türkmen elipbiýi 1993-nji ýylda latyn grafikasyna düzülip taýýarlanan bolup ol 30 harpdan ybaratdyr.

Häzirki döwürde biziň hat-ýazuwymyzda ulanýan, okamak üçin peýdalanýan harplarymyz Fenike elipbiýine degişlidir. Käbir ýazuw agtaryjylaryň we taryhçylaryň pikirlerine görä Fenikelileriň harplarynyň hem gelip çykyşy gadymy Müsür ýazuwlaryna esaslanypdyr. Fenikeliler Müsürlilerden tapawutlylykda her sesi bir harp bilen belgiläpdirler.

Fenike diýlip atlandyrylan dünýäniň iň ilkinji döredilen elipbiýi Italýanyň Toskana şäherinde gazuw agtaryş işleri geçirilende tapylypdyr. Kazim Mirşan tarapyndan geçirilen gazuw agtaryş işinde Fenikeliler ýazgy ýazmak üçin tekiz bir daşyň ýüzlerinde peýdalanypdyrlar we olaryň döreden elipbiýi 22 harpdan ybarat bolupdyr. Fenikelileriň Alef diýip atlandyran A harpy araplarda Elif harpyna öwrülendir. Greklerde bolsa birnäçe wagtdan soň Alfa harpy döräpdir. 350 ýyldan soň bu harplar Italiýa Rimlilere gelip gowşupdyr we häzirki wagtda peýdalanýan latyn elipbiýine ýakyn şekillere getirildi diýlip aýdylýar.

Häzirki zaman bilimleriniň, alymlarynyň çaklamalaryna görä ýazuw gadymy Müsürliler tarapyndan döredilipdir. Ýazuw döredilenden soň birnäçe wagtdan soň Elipbiý ýa-da harplar döräpdir.

Atajan MOMINOW,

S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Türkmenabat agrosenagat orta hünär
okuw mekdebiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok