Kämillige tarap aýdyň ýol

Kämilligiň çägi bolmaýşy ýaly, oňa barýan ýol hem dowamat dowamlydyr. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyçlary bilen Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Türkmenistanyň halk ýaşulusy şahyr Orazguly Annaýewiň TMÝG-niň Merkezi Geňeşi hem-de “Altyn asyr” teleradioýaýlymynyň bilelikde taýýarlamagynda ýaýlyma berilýän “Bagtyýarlyk ylhamy” gepleşigi hem kämillige tarap ýola düşen dörediji ýaşlara aýdyň ýol görkezýän şamçyragdyr. Halypa ýazyjynyň ýadawsyz zähmeti bilen eýýäm ençe ýyl bäri müňlerçe şahyrlary halka tanadan gepleşigiň täze sanlary welaýatlarda dowam etdirilýär.

Bilşimiz ýaly, Daşoguz hem-de Balkan welaýatlarynda edilen ýazgylar eýýäm tomaşaçylara ýetirildi. Beýleki welaýatlarda hem gepleşigiň täze sanlaryny taýýarlamak işleri dowam etdirilýär. Bu zatlaryň özi bolsa ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýaşaýan, okaýan, zähmet çekýän ýaşlary halkymyza tanatmakdan, olaryň zehinlerini ýüze çykaryp döredijilik äleminde öz ornuny tapmagyna hemaýat etmekden ybaratdyr.

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan ýaşlar syýasatyny dabaralandyrýan “Bagtyýarlyk ylhamy” gepleşiginiň täze sanlaryna telegörüjiler uly höwes bilen garaşýarlar. Bu gepleşige gatnaşmaga isleg bildirýän ýaşlaryň sany hem barha artýar. Bu zatlaryň ählisi bolsa Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik başlangyçlarynyň saýasynda alnyp barylýar. Şonuň üçinem dörediji ýaşlaryň ählisiniň kalbynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan beýik buýsanç, çäksiz alkyş bar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, tutýan tutumly işleri hemişe rowaç alsyn.

Aýnäzik HYDYROWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok