Ene diliň gymmaty

Türkmen dili biziň ene dilimiz. Ene dilimizde gürlemek, erkin okamak bolsa Garaşsyzlygymyzyň beren gymmatly peşgeşi. Institutymyzda açylan türkmen dili we edebiýaty hünäri eýýäm ilkinji uçurymlaryny ýola salmagyň bosagasynda. Öz ene diliňi hünär hökmünde öwrenmek, ýaş nesillere öwretmek bolsa aýratyn buýsandyryjy.

Döredilenine sanlyja ýyllar geçenem bolsa türkmen dili kafedrasy talyplara ýokary derejede döwrebap bilim bermek bilen bir hatarda ýurdumyzyň baýramçylyklaryna, şanly senelerine özüniň ajaýyp goşantlaryny goşup baýramçylyk çäreleridir dürli bäsleşikleri yzygiderli gurnaýar. Muňa mysal edip, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk toýy şeýle-de şahyr G.Ezizowyň doglan gününiň 84 ýyllygy mynasybetli “Kitap okan gullar magnydan dokdur” at bilen geçiriljek kitapsöýerleriň bäsleşigini, fewral aýynyň 19-25-i aralygynda geçirilmegine garaşylýan türkmen dili hepdeligine görülýän taýýarlyklary görkezmek bolýar.

Ene dilimizi öwrenmäge, ene dilimizde täze eserler döretmäge giň mümkinçilikler döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, tutýan tutumly işleri hemişe rowaç alsyn.

Gülbahar KOŞANOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok