Türkmenistan Watanymyz parahat söýüjilik, adalatlylyk, ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty alyp barýar. Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny saklamak bilen Türkmenistan dünýä ýurtlary bilen ysnyşykly we dostlukly gatnaşyklary gün-günden çuňlaşdyrýar.
Konstitusiýa bu döwletimiziň Esasy kanunydyr. Konstitusiýada esasy ugurlaryň biri raýatlaryň saglygy, ylma-bilime, zähmete bolan hukuklarynyň goralmagydyr. Onda adamlaryň hukuklary, azatlyklary we borçlary kesgitlenilýär.
Ýurdumyzda ilatyň ýaşaýyş derejesini gowulandyrmak maksady bilen täze kanunlar, maksatnamalar, hukuk namalary işlenilip taýýarlanylýar. Şu ýylyň maý aýynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilendigine 32 ýyl bolýar. Konstitusiýa berk düzgünnamany saklamak bilen, döredijilik taýdan ösdürilýän resminama hem bolup durýar, ýurtda bolup geçýän özgertmeleri, yzygiderli döwlet gurluşyny, ykdysadyýetiň bazar gatnaşyklaryna geçmegiň ugurlaryny kämilleşdirmek we döwletiň durmuş taýdan nazarlaýan resminamasy hökmünde Türkmenistanyň emele gelmegini nazara almak bilen, onuň üsti ýetirilip durulýar.
2008-nji ýyllar konstitusion özgertmeleriň möhüm tapgyrlary boldy. 1995-nji ýylda ilkinji düzedişler girizildi, hususanda 1-nji madda, BMG-niň Baş Assambleýasynyň „Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy“ Rezolýusiýasynyň kabul edilmegi bilen, soňra bolsa Türkmenistanyň halkara derejesiniň üýtgedilmegi bilen ilkinji üýtgeşmeler girizildi. 1999-njy ýylda Konstitusiýa jeza hökmünde ölüm jezasynyň ýatyrylýandygy barada ikinji üýtgeşme girizildi.
Häzirki wagtda Konstitusiýa ýörelgeleri we düzgünleri milli kanunçylyk ulagmyny jikme-jik ösdürýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kadalary esasynda döwletiň we jemgyýetiň ähli ugurlaryny hukuk taýdan özgertmek boýunça uly we maksada gönükdirilen tagallalaryň netijesinde uly göwrümli halkara taslamalar amala aşyrylýar.
Baýrammuhmmet Rejepow,
Halkara Ynsanperwer Ylymlary
we Ösüş uniwersitetiniň halkara
jemagat hukuk hünäriniň talyby.
Teswirler