Türki halklar häzirki günde Gündogar Sibirden Orta Aziýa, Anadoludan Balkanlara çenli aralyk meýdanlarda ýerleşip ýaşamaklaryny dowam edýärler. Türki halklarynyň has köp ýaşaýan ýeri bolsa Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan, Türkmenistan, Türkiýe we Azerbaýjandyr. Türki halklary birleşdirýän halkara gurama TÜRKSOÝ häzirki wagtda hereket edýän gurama bolup ol ýaş nesle türki halklaryň ählumumy medeni gymmatlyklaryny, ýadygärliklerini we maddy däl gymmatlyklaryny gorap saklamaga, gaýtadan dikeltmäge ýardam edýär. 1993-nji ýylda Gazagystanyň Almata şäherinde bu guramanyň düýbi tutulýar. Häzirki wagtda Türkiýäniň Ankara şäherinde Ştab-kwartirasy ýerleşmek bilen resmi dilleri rus, iňlis, türk dillerdir. Guramanyň düzüminde 6 sany agza döwletler ýagny, Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan, Türkmenistan we Türkiýe bardyr. Eýýäm däp bolup galyşy ýaly Gurama agza döwletlerde her ýyl bir şäher türki dünýäsiniň medeni paýtagty yglan edilýär
Gelip çykyşy boýunça türki halklar Altaý maşgalysyna degişli bolup esasy dili Türki dil hasaplanýar. Türki halklara ýakyn halklar ýa-da garyndaşy hasaplanýan milletler bu mongollar, koreýler, ýaponlardyr. Dünýä ýüzünde 170 mln-dan 200 mln-a çenli türki halklar ýaşaýar diýlip çak edilýär. Türki halklar dünýäde esasanda Yslam dinine uýýan musulmanlardyr emma, olaryň içinde Iudaizim, Buddizm, Şamanizm, Katolisizm ýaly dinlere uýýanlary hem duş gelýär. Häzirki wagtda garaşsyz türki döwletleri Türkiýe, Türkmenistan, Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan we Kipr bilen bilelikde jemi 7 sany döwlet hasap edilýär.
Türki halklaryň asly nireden gelip çykypdyr diýen soraglara bolsa taryhçylar tarapyndan dürli pikirler orta atylýar. Has takygy X-XI asyrlarda Orta Aziýadan Eýranyň üsti bilen Anadoly topraklaryna Oguzhan türkmeniň baştutanlygynda birnäçe türki taýpalar göçüp geldi diýlip aýdylýar.
Maýsa ŞÖHRADOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Türkmenabat agrosenagat orta hünär
okuw mekdebiniň talyby.
Teswirler