Tetir ösümligi

Garagum sährasynda duş gelýän üýtgeşik ösümlikleriň biri hem tetirdir (rusça, Солянка почечконосная, latynça, Salsola gemmascens). Tetir takyr görnüşli topraklarda, çal-goňur gipsli topraklarda ösmegi halaýar. Bu görnüş öz duş gelýän ýerlerinde kiçijik fitosenoz emele getirýär ýa-da ýowşanly fitosenozyň düzüminde ösýär. Bu ösümligiň boýy 20 santimetrden 50 santimetre çenli ösmäge ukyplydyr. Köpýyllyk baldaklary 10-15 santimetre çenli ösüp bilýär. Tetiriň ýaşaýyş dowamlylygy 20-25 ýyl töweregidir. Bu ösümligiň wegetatiw we generatiw pudaklary bolýar.

Tetiriň generatiw pudaklarynyň sany we ölçegi ýylyň howa şertlerine baglylykda üýtgeýär. Howanyň ygally ýyllarynda ol pudaklaryň sany köpelýär, gurak ýyllarda bolsa azalýar. Generatiw pudaklarynyň uzynlygy köplenç 15-35 santimetr aralygynda bolýar. Bu ösümlik miwe emele getireninden soň, pudaklaryň ýokarky bölegi gurap galýar.

Generatiw pudaklar 5 ýyla çenli ýaşaýarlar, emma bu pudaklar mallar tarapyndan iýlende olarda güller we miweler onçakly peýda bolmaýarlar we netijede bu pudaklaryň ýaşaýşynyň dowamlylygy 7-8 ýyla çenli uzalýar.

Tetir ösümliginiň kök ulgamy esasan topragyň ýokarky gatlaklarynda ýaýrandyr. Ösümlikleriň ýaşyna görä, şeýle hem ýaşaýyş şertlerine görä kök ulgamyň gurluşy üýtgeýär.

Bu ösümlik esasan atmosfera ygallarynyň hasabyna ýaşaýar, onuň wegetasion döwri mart we aprel aýlaryna gabat gelýär. Iýun-iýul aýlarynda gülleýär we sentýabr-oktýabr aýlarynda miweleýär. Ösüş döwri noýabr we dekabr aýlarynda tamamlanýar.

Tetir ösümligi 3-4 ýaşda köpelip başlaýar. Köpelişi esasan tohumlar arkaly amala aşýar. Tetiriň ýerüsti we ýerasty bölekleri doly derejede ösümlikleriň 7-10 ýaşyna çenli emele gelşini dowam edip, 15-20 ýyla çenli ýaşaýar.

Garagum sährasynyň dürli ýerlerinde tetiriň osoblarynyň mukdary birmeňzeş däl. Tetirli öri meýdanlar esasan gyş döwründe mallar üçin ulanylýar.

Gunça HUDAÝAROWA,

Türkmenabat lukmançylyk
mekdebiniň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok