Üns beriň, bäsleşik!

Mähriban çagalar, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, «Güneş» žurnalynyň redaksiýasy we Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň bilelikde guramagynda ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda «Reňbe-reň gül açar ýaşyl ýaýlasy, Gark bolmuş reýhana çöli türkmeniň» atly döredijilik bäsleşigi yglan edilýär. Çagalaryň ukyp-başarnygyny, zehinini açyp görkezjek, täze zehinleri ýüze çykarjak bu döredijilik bäsleşiginiň düzgünnamasy

2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilýän döredijilik bäsleşigine mekdep okuwçylary öz ýazan makalalary, çeken suratlary boýunça gatnaşyp bilerler.

Bäsleşige hödürlenilýän işlerde Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde türkmen tebigatynyň wasp edilişi giňden açylyp görkezilmelidir. Döredijilik bäsleşigine hödürlenilýän makalalardyr çekilen suratlarda mekdep okuwçylary Magtymguly Pyragynyň döredijiligi we onuň goşgularynyň umumadamzat ähmiýeti, tebigaty aýawly gorap saklamak barada özüniň içki ruhy duýgusyny çeper beýan etmelidirler.

Bäsleşige iberiljek makalalar bildirilýän talaplar boýunça ýazylan bolmalydyr. Şeýle-de hödürlenilýän işlerde okuwçylaryň göz öňünde tutan meýilnamalarynyň many-mazmunynyň doly açylyp görkezilmegine aýratyn üns berilmelidir.

Surat çekmek şerti boýunça bäsleşige mekdep okuwçylary Magtymguly Pyragynyň döredijiligi boýunça çeken suratlary bilen gatnaşyp bilerler.

Bäsleşige hödürleniljek eserleri hat üsti bilen ýa-da «Güneş» žurnalynyň «gunesh_tm@sanly.tm» elektron salgysyna ugradyp bilersiňiz.

Makalalar ýazylanda, kompýuterde «Times New Roman» şriftinde 16-lyk ölçegde bolup, bir sahypadan az bolmaly däldir. Bäsleşige gatnaşýan mekdep okuwçylary öz okaýan mekdebini, synpyny, ýaşaýan salgysyny, öý we öýjükli ykjam el telefonyny doly hem-de dogry ýazyp görkezmelidir.

Bäsleşik 2024-nji ýylyň maý aýynda jemlener. Bäsleşikde 2 ugur — makala ýazmak we surat çekmek boýunça ýeňijiler yglan ediler. Ýeňijilere bäsleşigi gurnaýjylar tarapyndan Hormat hatlary we sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar.

Eziz çagalar, sizden geljek makalalara, döredijilik eserlerine garaşýarys!

Guramaçylyk topary.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok