Gelmintoz keselini dörediji gurçuklar

Häzirki wagtda ene-atalary alada goýýan esasy ýagdaýlaryň biri-de çagalarda ýüze çykýan gelmintlerdir. Gelmintler – bular adam, ösümlik we haýwan bedeninde gelmintoz keselini dörediji mugthor gurçuklaryň toparydyr. Gelmintlere biri-birinden daşky keşbi hem-de ölçegi boýunça tapawutlanýan sapak şekilli gurçuklar, sorujylar we togalak gurçuklar degişlidir. Adam bedeninde gelmintleriň 250-den gowrak görnüşi mugthorluk etmäge ukyplydyr.

Ýönekeý dilde gelmintler “gurçuklar” diýlip atlandyrylýar. Bedene gelmintler hapa iýmit önümlerinden, hapa ellerden, hapa suwlardan, zyýanly mör-möjekleriň çakmaklygy netijesinde düşüp bilýärler. Gelmintler esasan hem içegede mugthorluk edýärler. Ýöne olaryň beýleki synalarda, ýagny bagyrda, beýnide, deride mugthorluk edýän görnüşleri-de bar. Soňky maglumatlara görä dünýä boýunça hasaba alnanda 30% çagada gelmintoz keseli duş gelýär. Alnyp barylýan sanitar-gigiýeniki çäreler gelmintoz keselini näçe minimum derejä getirse-de, bu keseli dolulygyna 100% ýok edip bolanok.

Çagada gelmintiň barlygy ýa ýoklugyny bilmek üçin yzygiderli gözegçilik edip durmaly. Mundan başga-da çaganyň özüni alyp barşynda we beden ösüşinde şu aşakdaky ýagdaýlaryň peýda bolmaklygy olarda gelmintleriň bardygyndan habar berýär:

  • Çaganyň beden agramynyň peselmekligi;
  • Täret deşiginde gijilewügiň emele gelmegi;
  • Ir säher ukudan oýanan mahaly ýürek bulanmaklygy we gusmaklygy;
  • Uklap ýatan mahaly dişlerini hytyrdatmaklygy;
  • Gijesine agzynda tüýkülik köp ýygnanyp, suwuň akmaklygy;
  • Içiniň gatamaklygy;
  • Dişiniň çüýremekligi;
  • Garyn töwereklerinde agyrynyň peýda bolmaklygy;
  • Bedeniniň derisiniň reňkiniň solmaklygy;
  • Gözüniň aşagynyň gögermekligi;
  • Işdäsiniň bozulmaklygy;
  • Butlarynyň we bilekleriniň gyzarmaklygy ýa-da örgünleriň emele gelmekligi.

Bu alamatlar aýry-aýrylykda başga sebäplere görä-de ýüze çykyp biler, ýöne olaryň iň bolmanda 5-6 sanysy şol bir wagtyň özünde ýüze çykýan bolsa, onda şol çaga bedeniniň gelmintoz keseli bilen keselleýändigine şübhe ýok.

Gelmintleriň bedene düşmekligiň öňüni almaklyk üçin birnäçe anyk çäreler amala aşyrylmalydyr:

  • Nahar edinmezden ozal hökmany suratda elleri sabyn bilen ýuwmaly;
  • Kabul edilýän iýmiti temperaturanyň täsirinde zyýansyzlandyrmaly, ter önümleri gaýnadylyp sowadylan suw bilen ýuwmaly;
  • Diňe gaýnadylan suw içmeli;
  • Iýmit önümlerini siňeklerden goramaly;
  • Çagalaryň nejasatlar bilen hapalanan topragy we suwy oýnamaklygyna ýol bermeli däl, olary hapa suwlara düşürmeli däl;
  • Çagalaryň saçlary mydama arassa we dyrnaklary alnan bolmalydyr;
  • Çaga oýnawaçlaryny tiz-tizden zyýansyzlandyryjy serişdeler bilen zyýansyzlandyryp durmaly;
  • Çaganyň eşiklerini hem-de ýatýan otagyndaky ýassyk-düşekleriniň daşlyklaryny çalşyp durmaly, otagy çygly süpürgiçler bilen süpürmeli.
  • Öýde we çagalar baglarynda zyýan beriji mör-möjekleriň, gemrijileriň bolmazlygyny gazanmaly;
  • Öý haýwanlarynda ýygy-ýygydan degelmintasiýa işlerini alyp barmaly;
  • Çagalaryň bedeninde gelmintleriň bardygy ýüze çykan ýagdaýynda lukmana ýüz tutmaly.

Gelmintleriň bardygy anyklanan ýa-da şübhe dörän mahaly adaty klinikalarda terapewte ýa-da parazitolog lukmanlaryna ýüz tutulýar. Umumy amalyýetde albendazol, mebendozol, tiabendozol derman serişdeleri peýdalanylýar. Ýöne bu serişdeleriň her biriniň gelmintiň diňe aýratyn görnüşlerine täsir edýändigini göz öňünde tutup, lukmanyň maslahatynyň esasynda kabul edilmelidir. Organizmde gelmintleriň mukdarynyň has köp bolmaklygy ekzem ýa-da süýjübaş we dürli hili allergiýa keselleriniň bolmagyna getirýär.

Gelmint 28 gün ýaşaýar. Bedende ýüze çykan ýagdaýynda ähli çäreler talabalaýyk geçirilse, onda 1 aýyň dowamynda ony tutuş ýok etmeklik mümkindir. Şonuň üçin geliň hemmämiz özümizi we çagalarymyzy bu mugthordan halas edeliň!

Halk lukmançylygynda uly ýaşly adamlar kädiniň çigidini (bedeniň 10 kg agramyna 100 gram. Birnäçe gün iýmeli.) gelmintleri ýoklamakda peýdalanýarlar. Çagalara käşiriň ýaňy sykylyp alnan şiresini her gün 50-100 gram içirmeklik arkaly olary gelmintlerden halas edip bolýar.

Mähri DAŇATAROWA,

Myrat Garryýew adyndaky
Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk
uniwersitetiniň Lukmançylyk fizikasy
we informatikasy kafedrasynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok