2023-nji ýylda durmuşa geçirilen toplumlaýyn çäreleriň netijesinde, jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,3%-e barabar boldy. Bu barada 9-njy fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde bellenilip geçildi.
Bu görkeziji senagat pudagynda 4,3 göterime, gurluşykda 2 göterime, ulag we aragatnaşyk pudagynda 8,4 göterime, söwdada 12,8 göterime, oba hojalygynda 4,4 göterime, hyzmatlar ulgamynda 5,1 göterime deň boldy.
Berlen hasabata görä, 2023-nji ýylda, 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 7,8 göterim, bölek satuw haryt dolanyşygynyň möçberi bolsa 10,9 göterim artdy.
Şeýle hem iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 9,9 göterim, 2023-nji ýylda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň meýilnamasy doly ýerine ýetirilip, 7,5 göterim ýokarlandy.
Mejlisiň dowamynda, Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasy tassyklanyldy we ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimliklerine Maksatnamanyň bellenen möhletlerde talabalaýyk ýerine ýetirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.
Muhammetali ANNABERDIÝEW,
Aşgabat şäherindäki Mehanika-tehnologiki
orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.
Teswirler