Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
A.K.GERMANOW hakynda
Atageldi Kakadurdyýewiç Germanowy, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri wezipesinden boşatmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 9-njy fewraly.
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
M.A.MÄMMEDOW hakynda
Myrat Akmyradowiç Mämmedowy Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri wezipesine belläp, ony Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň bejeriş-öňüni alyş kömegini guramak boýunça orunbasary wezipesinden boşatmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 9-njy fewraly.
Myrat Akmyradowiç MÄMMEDOW
1963-nji ýylda Aşgabat şäherinde doguldy. 1987-nji ýylda şol wagtky Türkmen döwlet lukmançylyk institutyny tamamlady. Bilimi boýunça hünäri — bejeriş işi, lukman.
Zähmet ýoluna 1987-nji ýylda Aşgabat şäher hassahanasynyň hirurgiýa bölüminde intern lukmany wezipesinde başlady. 1988-nji ýylda Indira Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebinde mugallym bolup işledi.
1988-1989-njy ýyllarda Türkmen döwlet lukmançylyk institutynyň uly lukman-laboranty. 1989 — 1994-nji ýyllarda Aşgabat şäher hassahanasynyň hirurgiýa bölüminde hirurg lukmany boldy, Türkmen döwlet lukmançylyk institutynyň gospital hirurgiýasy kafedrasynda aspirantura okuwyny geçdi.
1994-1995-nji ýyllarda Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň baş hirurgy. 1995 — 2001-nji ýyllarda Aşgabat şäher hassahanasynda dürli wezipelerde işledi. 2001 — 2006-njy ýyllarda Aşgabat şäher bejeriş-sagaldyş hassahanasynyň, Aşgabat şäher hassahanasynyň baş lukmany. 2006 — 2011-nji ýyllar aralygynda Kardiologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahananyň direktory. 2011-nji ýylda Aşgabat şäher trawmatologiýa we gaýragoýulmasyz hirurgiýa hassahanasynyň baş lukmany.
2011-nji ýyldan bäri Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň düzüminde dürli wezipelerde işledi.
2022-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary.
Türkmenistanyň “Watana bolan söýgüsi üçin” medaly bilen sylaglanyldy.
Teswirler