Türkmenistanyň bilim ministri täzelendi

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

G.K.ATAÝEWA hakynda

Gurbangül Kakalyýewna Ataýewany, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň bilim ministri wezipesinden boşatmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 9-njy fewraly.


Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

B.M.ORAZDURDYÝEWA hakynda

Baýramgül Motyýewna Orazdurdyýewany Türkmenistanyň bilim ministri wezipesine belläp, ony Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rektory wezipesinden boşatmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 9-njy fewraly.


Baýramgül Motyýewna ORAZDURDYÝEWA

1975-nji ýylda Balkan welaýatynyň Gyzylarbat şäherinde doguldy. 1996-njy ýylda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetini tamamlady. Bilimi boýunça hünäri — hukukçy.

Zähmet ýoluna 1996-njy ýylda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň konstitusiýa hukugy kafedrasynyň mugallymy wezipesinde başlady. Şol ýokary okuw mekdebinde 1996 — 1998-nji ýyllarda aspiranturada okady.

1998 — 2014-nji ýyllarda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde dürli wezipelerde işledi.

2013-nji ýylda Türkmenistanyň Mejlisiniň dördünji çagyrylyşynyň deputatlygyna saýlanyldy.

2014 — 2017-nji ýyllarda Türkmenistanyň bilim ministriniň ýokary we orta hünärmen mekdepler boýunça orunbasary.

2017-nji ýyldan bäri Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rektory.

“Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna” hem-de “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna” atly ýubileý medallary bilen sylaglanyldy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok