“Hatyra otlusy” taslamasynyň çäklerinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň, şol sanda Türkmenistanyň ýokary synp mekdep okuwçylary 1941 – 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuny başyndan geçiren Russiýanyň we Belarusyň şäherlerine ýolagçy otlusynda iki hepdeläp syýahat edip bilerler.
Russiýa Federasiýasynyň Federal Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary Konstantin Kosaçýowyň bellemegine görä, bu taslama çagalaryň ýolagçy otluda Beýik Watançylyk urşunyň geçen ýerlerini gözleri bilen görmekleri, şol wagtky adamlaryň çeken agyr ýüküni duýmaklaryna gönükdirilendir.
Bellenişi ýaly, taslama gatnaşmaga çagyrylan ýaşlaryň köpüsi özleriniň gatnaşjakdyklaryny tassykladylar. Bu çäre dürli ýurtlardan gelen ýaşlaryň özara dostluk gatnaşyklaryny ösdürmekde ähmiýetli bolar.
Ýeri gelende belläp geçsek, “Russiýa demir ýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bu taslamanyň esasy hyzmatdaşy bolup durýar.
Merjen MUHAMMETMYRADOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler