BMGÖM Türkmenistanda Psihiki saglyk we psihososial goldaw (MHPSS) boýunça ýöriteleşdirilen onlaýn okuw platformasyny döretdi we işe girizdi.
Platforma Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi bilen bilelikde durmuşa geçirilýän taslamanyň çäklerinde işlenip taýýarlanyp işe girizildi. Bu taslama BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Parahatçylyk we ösüş maslahatçylarynyň (UNDP-DPPA) düşünişmezlikleriň öňüni almakda milli mümkinçilikleri artdyrmak boýunça bilelikdäki maksatnamanyň esasynda maliýeleşdirilýär.
Psihiki saglyk we psihososial goldaw boýunça gysga möhletli okuw «Öňüni alyş çäresi hökmünde ýerli derejede ejiz ýaşlara we zenanlara psihososial goldaw bermek üçin milli mümkinçilikleri artdyrmak» atly taslamasynyň çäginde işlenilip düzüldi we sanly okuw formatyna geçirildi.
Türkmenistanda şeýle görnüşdäki ilkinji onlaýn okuw platformasy degişli ugurda hyzmatlary hödürleýän, şol sanda durmuş goraglylygy ulgamynda iş alyp barýan hünärmenlere, mugallymlara, hukuk goraýjy işgärlere, zenanlara, öňdebaryjy ýaşlara psihososial goldawlary bermekde goldaw bermegi maksat edinýär.
Ýerli derejede okuw geçirmek üçin materiallary türkmen, rus we iňlis dillerinde göçürip alyp bilersiňiz. Okuwlar UNDP web sahypasynda (bootcamp.com.tm) elýeterlidir.
Laçyn PALTAÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler