«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly mynasybetli «Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasy Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy geňeşi bilen bilelikde, žurnalistleriň we mirasgärleriň arasynda «Magtymguly, sözlär tili türkmeniň» atly döredijilik bäsleşigini yglan edýär.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda akyldar şahyryň edebi mirasyny täzeçe röwüşde öwrenmekde ýetilen netijeleri köpçülige ýetirmekden, söz ussadynyň türkmen we dünýä halklarynyň durmuşyndaky, edebiýatyndaky ornuny anyk mysallar arkaly açyp görkezmekden, bu ugurda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ähmiýetini, gazanylýan üstünlikleri giňişleýin beýan etmekden ybaratdyr.
Bäsleşige hödürlenilýän eserlerde (makalalarda we oçerklerde) «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bolup geçýän taryhy wakalaryň, akyldar şahyryň döredijiligini bütin dünýäde dabaralandyrmagyň çäklerinde amala aşyrylýan ägirt uly işleriň düýp mazmuny we ähmiýeti anyk mysallar arkaly açylyp görkezilmelidir. Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi, onuň türkmen hem-de dünýä edebiýatynyň täze edebi tapyndylar bilen baýlaşmagyna ýetiren täsiri beýan edilmelidir. Oçerkler akyldar şahyryň ömrüni we döredijiligini öwrenmäge uly goşant goşan şahsyýetlere, alymlara, magtymgulyşynaslara bagyşlanmalydyr.
Bäsleşige gatnaşmak isleýän ildeşlerimiz hödürleýän eserlerini «Magtymguly, sözlär tili türkmeniň» atly bäsleşige» diýen ýazgy bilen «Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasyna (Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Erkin döredijilik mekany) ýa-da onuň elektron salgysyna (turkmenistan-gazeti@sanly.tm) ýollap bilerler. Awtorlar redaksiýa ugradýan eserlerine özleri baradaky maglumatlary (işleýän ýa-da ýaşaýan ýeriniň salgysy, telefon belgisi) hem goşmalydyrlar. Bäsleşige gatnaşýanlar ýaş tapawudy ýa-da işleriniň sany boýunça çäklendirilmeýär.
Bäsleşige hödürlenilýän işler we awtor baradaky gysgaça maglumatlar bildiriş gazetde çap edilen gününden başlap, 2024-nji ýylyň 10-njy iýunyna çenli guramaçylyk topary tarapyndan hasaba alnar.
Bäsleşige gelip gowşan eserlere döredijilik işgärlerinden düzülen eminler topary baha berer.
Bäsleşik Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň öňüsyrasynda jemlener. Ýeňijilere Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy geňeşiniň diplomlary we gymmat bahaly sowgatlary gowşurylar.
Habarlaşmak üçin telefon belgisi: 39-95-67.
Teswirler