- Keselden goranmak üçin bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybynyň ýokary bolmagyny gazanmaly.
- Sagdyn durmuş ýörelgesine eýermeli. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyp, ir säherde we agşamara arassa howada pyýada gezelenç etmeli.
- Pasla görä geýinmeli.
- Wagtal-wagtal penjiräni ýa-da gapyny açyp, işde we öýde otaglary ýelejiredip durmaly, ýöne şemalyň ugrunda durmaly däl, çagalaryň durmagyna hem ýol bermeli däl.
- Otaglarda çygly arassalaýyş işlerini geçirmeli.
- Derman serişdelerini özbaşdak, lukman bilen maslahatlaşman kabul etmeli däl. Esasan hem, bu antibakterial serişdelere degişli. Olary özbaşdak ulanmak birnäçe gaýraüzülmelere getirip biler we bedeniň kesele garşy durnuklylygyny peselder.
- D we С witaminlere baý önümlerini — miwe şirelerini, bally we limonly gök çaýy, itburun demlemesini, alma we pyrtykal şirelerini içmeli, kelem, käşir, sogan, sarymsak we beýleki gök-bakja önümlerini iýmeli.
- Möwsümleýin döräp biläýjek keselleriň öňüni almak üçin, lukman bilen maslahatlaşyp, gyzyl burç goşulan unaşy içmeli. Gyzyl burçuň düzümindäki fitonsidler, efir ýaglary, peýdaly maddalar adam bedeniniň kesele garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrmaga ýardam berýär.
- Iýmit howpsuzlygyny berjaý etmeli.
- Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda beýan edilýän dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhem çaýlary maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp içmeli.
- Ýurdumyzda ýola goýlan keselleriň öňüni alyş sanjymlaryny maşgala lukmanyňyz bilen maslahatlaşyp almaly.
- Ýokanç däl keselleriň düzümine girýän howply täze döremeleriň ýurdumyzda ýola goýlan irki anyklaýyş barlaglaryndan öz wagtynda geçmeli.
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we
derman senagaty ministrliginiň
Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.
Teswirler