Soňky ýyllarda, beýleki dünýä ýurtlarynda bolşy ýaly, Türkmenistanda hem sanly gurşaw döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda «Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» kabul edilmegi geljekde häzirki hereket edýän pudaklaryň tapgyrlaýyn sanlylaşdyryljakdygyny aňladýar. Milli ykdysady ulgamynyň sanlylaşdyrmagyň şertlerinde ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda zähmet çekýän işgärlerden sanly sowatlylygyň, maglumatlary gözlemek, döretmek, işläp taýýarlamak, ulanmak, paýlaşmak ukyplarynyň ösdürilmegini talap edýär.
Sanlylaşdyrma eýýäm bar bolan iş orunlaryň transformasiýasyna getirýär we işgärleriň öňünde goýlan täze wezipeleri ýerine ýetirmek üçin täze zähmet endikleri talap edip, yzygiderli hünär derejesiniň ýokarlanmagyna, durmuşyň dowamynda täze bilimleriň özleşdirilmegine, täze programma üpjünçiligini peýdalanmaga, täze awtomatlaşdyrylan ýa-da robotlar arkaly ýerine ýetirilýän prosesleriň öwrenilmegine zerurlyk döredýär.
Taryhda bolup geçen ylmy-senagat rewolýusiýalaryň ählisi zähmet bazaryň üýtgemegine getiripdir, mysal üçin içi ýangyn hereketlendirijiniň we elektrik toguň oýlanyp tapylmagy netijesinde paýtunçylaryň we arabakeşleriň ýerine taksileriň we şäher ýolagçy ulaglaryň sürüjileriniň gelmegi bolup geçipdir.
Zähmetiň täze şertleri täze hünärleri – sanly hünärleri talap edýär. “Sanly başarnyklar” adatça maglumatlary gözlemek we dolandyrmak, sanly mazmuny (kontent) döretmek we ýaýratmak, özara işjeňligi we hyzmatdaşlygy amala aşyrmak üçin sanly enjamlary, kommunikasiýa goşundylary we torlary ulanmakda başarnyklaryň toplumy hökmünde düşünilýär.
Kanadada kabul edilen klassifikasiýa görä sanly başarnyklar birnäçe kategoriýany öz içine alýar:
- sowatlylyk esaslary, ýazuw, resminamalary ulanmak we san ýaly esasy başarnyklar. Onsuz diňe pes derejeli hünär işleri üstünlikli ýerine ýetirilip bilner. Sanly tehnologiýalar bilen işe başlamazdan öň bu endikleriň toplumyny özleşdirmeli.
- Toparda işlemek, yzygider bilim almak, mesele çözmek we gatnaşyklary ösdürmek ýaly esasan geçip bolýan we ýumşak endikleri öz içine alýan öwrülişik (transwersal) başarnyklary. Öwrülşik başarnyklary çalt uýgunlaşmak we bir iş çygryndan beýlekisine geçmek ukyby bilen häsiýetlendirilýär, şeýle hem zähmet bazarynda üstünlik gazanmakda möhüm rol oýnaýar. Bu “çeýe” başarnyklar bolmasa işgäriň tehniki potensialyny doly durmuşa geçirilip bilinmez.
- Sanly tehniki başarnyklar kompýuter we programma üpjünçiligini ulanmak, toruň howpsuzlygy üçin çäreleri geçirmek we beýlekileri öz içine alýar. Bu başarnyklar, häzirki wagtda sanly tehnologiýalar ulanylýan iş ýerleriniň netijeli hereket etmegi üçin aýgytly ähmiýete eýedir.
- Maglumatlary sanly gaýtadan işlemek başarnyklary – maglumaty gözlemek, sintez etmek, baha bermek, ulanmak, döretmek we habarlaşmak ýaly maglumatlary gaýtadan işlemek bilen baglanyşykly ýokary derejeli kognitiw başarnyklary. Kognitiw başarnyklary – täze maglumatlary öwrenmäge, daş töweregimizdäki dünýä düşünmäge we oň bilen gatnaşmaga kömek edýän başarnyklardyr. Muňa maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary pudagynda ýörite kärleri we hünär derejeleri almak üçin zerur başarnyklar hem girýär.
Şeýle hem, sanlylaşdyrma uzak ara iş (distansion) we frilans ýaly täze iş üpjünçiligiň görnüşleriniň döremegine itergi berdi. Bu iş berijiniň ýerleşýän ýerinden daşarda işiň ýerine ýetirilmegine mümkinçilik berýär. Mundan başga-da, bu iş zähmet we raýat hukuk şertnamalary esasynda ýerine ýetirilip bilner.
Türkmenistanda 2014-nji ýylyň 20-nji dekabrynda kabul edilen “Internet torunyň ösüşini we internet-hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda” kanunyň 7-nji maddasynda internet-hyzmatlaryny bermek boýunça işiň çygrynda döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde her bir raýatyň zähmet çekmäge bolan hukugyny ýokary derejede doly durmuşa geçirmek üçin işgärleri iş bilen üpjün etmegiň distansion görnüşleriniň ösdürilmegine, şeýle hem zähmete ukyplylygy çäklendirilen adamlaryň zähmet proseslerine gatnaşmaklaryna ýardam etmek diýlip kesgitlenen.
“Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllar sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň” birinji babynda soňky ýyllarda tehnologik innowasiýalaryň önümçiligiň dürli pudaklaryna giňden ornaşdyrylýar diýip bellenilýär. Şoňa görä-de, önümçiligiň usullary düýpgöter üýtgeýär, adamlaryň aň bilime we iş endiklerine bildirilýän talaplar artýandygy nygtalýar.
Milli ykdysadyýetde sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça öňdebaryjy döwletleriň derejesine ýetmek, şeýle hem adamyň aň-bilim maýasyna esaslanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmek – sanly özgertmeleriň dünýä derejesinde ýokary tizlik bilen ýaýraýan döwründe gaýragoýulmasyz meseleler bolup durýar.
Dünýa SULTANOWA,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky
Döwlet gullugy akademiýasynyň talyby.
Teswirler