Türkmen halky hünär ussatlygy boýunça ähli halklaryň arasynda meşhur halk bolupdyr. Daýhançylyk bilen meşgullanmak ata-babalarymyzyň iň meşhur kärleriniň biri bolup, daýhançylygyň syrlaryny ele alypdyrlar. Durmuşyň ähli ugurlaryndan söz açýan nakyllarymyzyň birinde: “Daýhan garda ynjalar” diýipdirler. Munuň özi daýhanyň ýere gije-gündiz, ýaz-gyş dynuwsyz azap edýändigini aňladýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz türkmen daýhanlaryna giň mümkinçilikler döredip berýär. Zähmetsöýer daýhanlarymyz alýan bol hasyllary bilen ýurdumyzyň ykdysadyýetine goşýan goşantlary üçin döwlet sylaglary, orden-medallar bilen sylaglanýar, hormatly atlar dakylýar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş maslahatlarynda daýhanlaryň bugdaýa edýän idegi, ýazky ekişe taýýarlyk işlerine taýýarlygy bilen içgin tanyşmagy, gowaçanyň, bugdaýyň we beýleki ekinleriniň naýbaşy tohumlary bilen daýhanlary üpjün etmek hakynda tabşyryklary hem döwletimizde alnyp barylýan adyl syýasatyň alamatydyr.
Türkmen halkyny bol-elin durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, tutýan tutumly işleri hemişe rowaç bolsun.
Şirin AGAÝEWA,
Ahal welaýatynyň Sarahs etrabyndaky
9-njy orta mekdebiň mugallymy.
Teswirler