Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda ýerleşýän 18-nji orta mekdebinde ýaşlarda maşgala mukaddesligini berkitmek, dogry hünäri saýlamakda ýardam bermek we ýaşlaryň bilime bolan höwesini artdyrmak maksady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň başynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň alyp barýan işleri hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Maglumat beriş bölümi barada görkeziliş çykyşy edildi. Soňra Magtymguly adyndaky TDU-niň talyby Mekan Babaýew “3 görnüşli ene-ata” atly tema bilen çykyş etdi.
Ýaşlar bilen geçirilen bu duşuşyga mekdep okuwçylary, Türkmenistanyň Magtymguly Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Kaka etrap Geňeşiniň başlygy Begenc Öwezow, TMÝG-niň Kaka etrap Geňeşiniň wekilleri Begli Mämmedow we Kabulgeldi Meredow gatnaşdylar.
Ýaşlar bilen geçirilen wagyz-nesihat duşuşygy Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň maglumat beriş bölümi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Kaka etrap Geňeşiniň gurnamagynda geçirildi.
Şeýlede okaň:
S.Türkmenbaşy etrabynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi
Sarahs etrabynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi
Aşgabatda “Baýlyga ýetmek” atly pedagogika seminary geçirildi
Köneürgenç etrabynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi
Kaka etrabynda ýaşlar bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçrildi
Akdepe etrabynda “Kibermedeniýet” barada duşuşyk geçirildi
Teswirler