«Idris baba» medresesine barýan ýoluň durky täzelenýär

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dabaralary ýokary derejede geçirmek maksady bilen, Halaç etrabynyň Esenmeňli geňeşliginiň çäginde ýerleşýän «Idris baba medresesi» taryhy ýadygärligine barýan ýoluň durkuny täzelemek işlerine girişildi.

Lebap ýol gurluşyk, abatlaýyş we önümçilik kärhanasynyň gurluşykçylary tarapyndan alnyp barylýan işde Türkmenabat — Kerki gara ýolundan ýadygärlige çenli 6570 metr aralyga çekiljek täze ýoluň ini 7 metre barabar bolar. Şu günler köne asfalt örtügini aýyrmak işleri doly tamamlanyp, täze asfalt ýazmaga girişildi. Şol bir wagtyň özünde çäge, çagyl garyndylary daşalyp, olaryň düşeljek ugurlarynda tekizleýiş işleri alnyp barylýar. Ýoluň gurluşygynda döwrebap tehnikalaryň 10-dan gowragy ulanylýar. Şu ýyl bu taryhy ýadygärlikde akyldar şahyra bagyşlap birnäçe dabara geçirmek meýilleşdirilýär.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok