Hazar deňziniň türkmen böleginde tälim beriş-türgenleşik okuwy geçirildi

“Türkmendeňizderýaýollary” agentligi adatdan daşary ýagdaýlarda dessine hereket etmegiň ýokary derejede taýýarlygy görkezendigi üçin Balkan welaýat häkimliginiň hormat hatyna mynasyp boldy.

Tälim beriş-türgenleşik okuwy nebitiň deňiz suwuna düşmegi, tankerdäki ýangyn sahnalary emele getirilen üç tapgyrda geçirildi. Türgenleşigiň çäginde Hazar deňziniň türkmen böleginde nebit we nebit önümlerini daşaýjy gämide tehniki näsazlyk sebäpli hadysa barada Türkmenbaşy Halkara deňiz portundaky “Gämi dolandyryş merkezi” binasyndaky operatory Raýat goranyşyň we adatdan daşary ýagdaýlaryň gulluklaryna dessin habar berýär. Ýüze çykan adatdan daşary ýagdaýlaryň ýaramaz netijelerini aradan aýyrmak we olaryň zyýanlaryny peseltmek boýunça degişli çözgütler kabul edilýär.

Hadysa sebäpli deňizde dörän ýagdaýy anyklamak üçin “Ýyldyrym” ýangyn söndüriji gämisi tarapyndan aňtaw we hadysanyň netijelerini aradan aýyrmak işleri geçirilýär. Abatlaýyş-bejeriş, dikeldiş işleri barada maglumatlar we ýetirilen ýitginiň möçberi anyklanylýar.

Okuw türgenleşigi Türkmenistanyň deňiz flotunyň barha artýan işiniň çäginde adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk işlerini güýçlendirmek maksady bilen geçirildi.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok