Şu ýylyň ilkinji aýynda ýurdumyzyň uglewodorod çig malyna baý ýataklaryndan alnan «gara altynyň» umumy möçberi 300 müň tonnadan hem köp boldy. Netijede, hereket edýän guýulardan nebit çykarmak baradaky bir aýlyk meýilnama artygy bilen berjaý edildi. Şunda ösüş depgininiň 109 göterime barabar ýokarlandyrylandygyny aýratyn nygtamak gerek. Gazanylan üstünlikde ýangyç-energetika toplumynyň iň iri önümçilik düzümi bolan «Türkmennebit» döwlet konserniniň buraw işleri müdirlikleriniňem mynasyp paýy bar.
Häzirki zaman dünýäsiniň iň bir kämil desgalaryna ygtybarly erk etmegiň hötdesinden gelýän konserniň burawlaýjylary gürrüňi edilýän aýda dag jynslarynyň 9 müň 929 metre barabar çuňluklaryny geçip, bellenilen tabşyrygy 127 göterim berjaý etmegi başardylar. Şeýle hem olar hasabat döwründe ulanyş maksatly täze guýularyň üçüsini nebitdir gaz çykaryjy müdirliklere tabşyrdylar. Belent sepgitlere konserniň «Gumdagnebit», «Galkynyşnebit» nebitgaz çykaryjy we «Goturdepe», «Ekerem», «Körpeje» buraw işleri müdirlikleri saldamly goşant goşdular.
Teswirler