Aradan 1 ýyl geçdi, emma hasraty diňmedi!

Geçen ýylyň fewral aýynda Türkiýäniň 11-den gowrak sebitinde bolup geçen ýer titremesi pajygaly ýagdaýlara sebäp boldy. Kahramanmaraş merkezli ýer titremesi ýerli wagt bilen sagat 04:17-de 7,7 we 7,6 ball derejesinde boldy. Ýer titremesi Türkiýäniň 14 million ilatyna gönüden-göni täsir etdi we 53 müň 537 adamyň aradan çykmagyna getirdi. Pajygaly waka sebäpli ýurtda 7 günlük milli ýas yglan edildi.

Kahramanmaraş bilen birlikde Malatýa, Gaziantep, Hataý, Adana, Kilis, Adyýaman, Diýarbakyr, Şanlyurfa, Osmaniýe, Elazyğ ýaly sebitlerde hem bolan ýer titremesinde 53 müň 537 adam aradan çykdy we 107 müň 213 adam ýaralandy.

Türkiýede bolan tebigy betbagtçylyga kömege 93 ýurtdan gözleg we halas ediş toparlary gatnaşdy.

120 müň inedördül kilometrde 14 million ilata gönüden-göni täsir eden ýer titremesi 11 welaýatda, 124 etrapda, 6 müň 929 obada we oňa golaý sebitde agyr weýrançylyklara getirdi.

Ýurtda 7 günläp milli ýas yglan edildi, ýer titremesiniň bolan sebitinde adatdan daşary ýagdaý yglan edildi.

Ýer titremesinden soň ähli döwlet we ýerli dolandyryş edaralary, hökümete degişli bolmadyk guramalar we meýletinçiler wakanyň bolan ýerine azyk, derman, egin-eşik kömegini iberdiler we kömege geldiler.

Ýer titremesinde weýran bolan 38 müň 901 binada gözleg we halas ediş işleri geçirildi.

Wakanyň bolan sebitlerinde jemi 650 müň adam, şol sanda 11 müň 488 sany daşary ýurtdan kömege gelen halas ediji, 35 müň 250 sany gözleg we halas ediş toparynyň işgäri şeýle-de 142 müň howpsuzlyk işgäri gije-gündizleýin işledi.

Tebigy betbagtçylygyň bolan sebitlerinde 645 müň çadyr şeýle-de 215 müň 224 konteýner gurnaldy.

Geçen ýyl (2023-nji ý.) ýer titremesinden ejir çeken raýatlar üçin tebigy betbagtçylygyň bolan sebitlerinde jemi 307 müň jaýyň gurluşygyna başlandy. Häzirki wagtda bu jaýlaryň gurluşygy güýçli depginde dowam edýär.

Ýeri gelende belläp geçsek, ýer titremesinden ejir çeken raýatlara döwlet tarapyndan birnäçe ýeňillikler döredilýär we olar üçin birnäçe tagallalar edilýär.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok