Türkmen Döwlet ýörite çeperçilik mekdebinde eýýäm 2022-nji ýylda esasy başy başlanan döredijilik sergileriniň dowamy hökmünde bu ýyl hem öz miwesini berdi. Ýagny şu gün Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň çeperçilik sergiler müdirliginde Türkmen Döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň suratkeş mugallymlaryň döredijilik işleriniň sergisi açyldy.
Taryhyň dürli döwürlerinde bu mekdepde halypalyk edýän mugallymlar öz döredijilik işleri bilen ençeme gezek toparlaýyn sergilerini gurnaýarlar. Özleriniň şahsy göreldelerini bilim alýan ýaşlara görkezmegi başardylar. Dürli hünärlerde bilim berýän suratkeş mugallymlar öz eserlerinde häzirki döwür bilen aýakdaş gitmegi başarýarlar. Olaryň döredijilik işleriniň tematik aýratynlygyna laýyklykda dürli-dürli eserleri döretdiler.
Mekdebiň taryhyna ser salanymyzda Ýuliýa Daneşwar, Türkmenistanyň halk suratkeşleri Aman Kulyýew, Aýhan Hajyýew, Mäterguly Orazberdiýew şeýle-de sungaty öwreniji Pawel Papow ýaly ussatlar döredijilik bilen meşgullanyp şonuň bilen birlikde-de şägirt ýetişdirmekligi başarypdyrlar. Bu günki günde hem şol ussatlaryň dowamy hökmünde ýaş suratkeşleriň döredijiligi mugallymlaryň işi bilen utgaşykly alynyp barylýar.
Şekillendiriş sungatynyň nakgaşçylyk ugrunda suratkeş Gunça Myradowanyň sergide görkezen eserleri zenan dünýäsi bilen baglanyşykly. Gyrmyzy perejide şekillendirilen ene keşpleriniň psihologik taýdan tomaşaça has-da täsirli. “Gyzym” diýilip atlandyrylan eseri bolsa dik gorizontal formaty işe emosionallyk berýär.
Nakgaşçy Berdi Çaryýewiň döredijiligine mahsus bolşy ýaly filosofik pikirlenmäni oýarýan özboluşly işleri bar. onuň döredijilik dünýäsiniň aýratynlygy primitiw häsiýetde öňe çykýar.
Mähri Çaryýewanyň we Enejan Garaýewanyň eserlerinde enelik dünýäsini giňden şöhlelenýär. Olaryň halypalardan alan ussatlygynyň täsirleri döredijilik işlerinde duýulýar. Bu eserlerde kompozision çözgütleriň çygryndan çykyp duýga berilýär.
Toýly Çopanowyň döredijiliginde bolsa taryhy temanyň gahrymanlarynyň keşplerini döretmekligi dowam edýär. geçen sergilerden tapawutlylykda ol bu gezek orta asyr türkmen serkerdesi Jelaleddin Menguberdiniň ýaşlygyna ýüzlenýär. Şeýle-de bu sergide Toýly Çopanow beýik Pyragynyň keşbine däl-de eýsem şol şahyryň söwer ýary bolan Meňliniň çeper keşbini döretmekligi başarýar.
Laçyn Toýlyýewanyň sergidäki işlerinde minýatýuranyň özboluşly kompozisiýalaryny görkezýär. Ol adaty durmuş sahnasyny öz çeperçilik diliniň aýratynlygynda we minýatýura talabalayklygy bilen şekillendirýär.
Meýlis Hojamämmedowyň işlerinde bolsa Balkan daglarynyň peýzažlaryna uly ähmiýet berilýär. Onuň dürli ýyllarda döreden eserlerinde Aý daglaryň, jülgeleriň keşbini çeper däl-de hakykatda bolşy ýaly şekillendirdi. Ol realizmden daş düşmän döredijilik özboluşlylygyny tapmagy başardy.
Abdylla mämmetberdiýewiň döredijiliginde minýatýura nakgaşlygynyň diline salynan özboluşly eserlerini kendirde ýagly reňkler bilen görkezýär.
Zergärçilik sungatynda Şöhrat Sapargeldiýewiň sowgatlyk önümlerini ýasamaklygyň ussatlygy öz eserleriniň üsti bilen äşgär etdi. Onuň dürli ýyllarda ýasan nepis döredijiligi milli nagyşlardan üzňe düşenok we şonuň bilen birlikde-de kakma, çaýma ýaly usullardan ýerlikli peýdalanyp täze eserleri döredip sergide görkezmegi başardy.
Kakamyrat Çaryýewiň sergide görkezen şaý-sepleriniň aglabasy günbatar Türkmenistanyň zenanlarynyň dakynan bezegleri bolup, olary ussatlyk bilen ýerine ýetirmegi başarýar.
Heýkeltaraşlyk sungatynda Çary Amanowyň we Seljuk Ýarmammedowyň her biriniň döredijilik işlerinde çeperçilik diliniň özboluşlygyny aýtmak zerurdyr. Olaryň kompozisiýa we tematik aýratynlygy däl-de eýsem plastiki görüşiniň aýratynlygy öňe çykýar.
Döredijiligiň täzeçe gözlegleri sergini has-da baýlaşdyrýar. Suratkeşleriň döwrebapeserleri tomaşaçylary özüne çekýär. Türkmen Döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň mugallymlarynyň ýylyň ýylyna gurnaýan döredijilik sergileri has-da kämilleşýär we öz miwesini berýär. Bu bolsa özlerinde şägirtlige gol beren ýaşlara uly görelde bolýar.
Döwletmyrat Durdyýew,
Mary şäheriniň çagalar çeperçilik
mekdebiniň müdiriniň okuw-terbiýeçilik
işleri boýunça orunbasary,
TYA-nyň Taryh we arheologiýa institutynyň dalaşgäri,
sungaty öwreniji.
Teswirler