Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň jemlerine bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahatyň we serginiň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabyny halkymyza sowgat bermegi we bu kitabyň ýaşlara bagyşlanmagy türkmen ýaşlarynyň durmuşynda ýatdan çykmajak ajaýyp waka boldy.
«Ýaşlar ― Watanyň daýanjy» atly gymmatly eseri ýüzüňe sylyp, okap başlanyňda, bu eser özüniň many-mazmun, bezeg aýratynlyklary bilen ýakymly duýgulary döredýär. Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan döwrebap usulda neşir edilen hem-de bagtyýar ýaşlarymyzyň bagtly durmuş pursatlaryny görkezýän ýokary hilli fotosuratlara giň orun berlen bu eseriň ylym-bilimli, watansöýüji ýaşlary kemala getirmekdäki ähmiýeti örän uludyr. Hormatly Prezidentimiziň çeper-dokumental kitabynda 2023-nji ýylyň dowamynda ylymda, döredijilikde, zähmetde, sportda, dürli ugurlarda döwlet we halkara derejelerde ýaşlarymyzyň gazanan üstünlikleri, olar üçin döredilen mümkinçilikler mynasyp beýanyny tapýar.
Kitap — kämilligiň gözbaşy. Islendik bir kitabyň dünýäniň ýüzünde ykrar edilmegi, şol kitabyň awtorynyň näderejede kämil şahsyýetdigini doly açyp görkezýän hakykatdyr. Ynha, bu günki gün hem hormatly Prezidentimiz dünýäde diňe bir parasatly syýasatçy hökmünde däl, eýsem, özünde çuň pelsepewi pikirleri jemleýän «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ajaýyp eseriň awtory hökmünde hem giňden ykrar edilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen ýaşlarynyň ýaşaýyş-durmuşyna, ähli ugurlarda gazanan üstünliklerine bagyşlap ýazan bu ajaýyp eseriniň her bir jümlesi biz — ýaşlaryň işlerinde nusgalyk gollanmadyr, kämil ýol-ýörelgedir.
Türkmen ýaşlaryna uly ynam bildirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, alyp barýan il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işlerinde elmydama rowaçlyklar ýar bolsun!
Sähra AMANGELDIÝEWA,
Daşoguz şäherindäki daşary ýurt
dillerine ýöriteleşdirilen 27-nji orta
mekdebiniň başlangyç
synp mugallymy.
Teswirler