Akdepe etrabynda “Kibermedeniýet” barada duşuşyk geçirildi

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynda ýerleşýän daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 55-nji orta mekdebinde “Kibermedeniýet näme”, “Dil guralmy? hünärmi?” “Ussatlyk üçin 10 müň sagat” temalary boýunça ýaşlar bilen duşuşyk geçirildi.

Bu wagyz-nesihat duşuşygyna Akdepe etrabynda bilim alýan dürli ýaşdaky mekdep okuwçylary, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Akdepe etrap Geňeşiniň başlygy Berdimyrat Kakaýew we tejribeli mugallymlar gatnaşdylar.

Ýaşlara sosial ulgamlaryň zyýanly we peýdaly taraplary, ondan ýerlikli peýdalanmaklygy wagyz etmek maksady bilen “Kibermedeniýet näme”, ýaşarda dil biliminiň baýlaşmagyny gazanmak, hünär saýlamakda maslahat bermek maksady bilen “Dil guralmy? hünärmi?”, ýaşlaryň öz saýlap alan hünärlerinde ussatlyga ýetmeklik üçin nämeleriň zerurdygyny wagyz etmek maksady bilen “Ussatlyk üçin 10 müň sagat” temalary boýunça TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň Maglumat beriş bölüminiň müdiri Merdan Ataýew hem-de Magtymguly adyndaky TDU-niň talyby, TMÝG-niň işjeň agzasy Allamyrat Gapurow çykyş etdiler.

Bu wagyz-neshihat duşuşygy Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň maglumat beriş bölümi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz  welaýat Akdepe etrap Geňeşiniň gurnamagynda geçirildi.

Şeýlede okaň:
Aşgabatda “Baýlyga ýetmek” atly pedagogika seminary geçirildi
Sarahs etrabynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi
S.Türkmenbaşy etrabynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi
Köneürgenç etrabynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi
Kaka etrabynda ýaşlar bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçrildi

Teswirler

Kerimow Mekan

Indiki ýylam gelemgiňiz garaşýas.