Türkmenistan Ýewropanyň Maýa goýum banky bilen hyzmatdaşlyk eder

Türkmenistan Ýewropanyň Maýa goýum banky bilen hyzmatdaşlygy ösdürer. Bu barada 2-nji fewralda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde bellenilip geçildi.

Mälim bolşy ýaly Ýewropa Bileleşigi bilen köpugurly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunda Ýewropanyň maliýe institutlary bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge uly üns berilýär.

Türkmenistan 1992-nji ýylyň 1-nji iýunyndan bäri Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň agzasy bolup durýar. Bu bank bilen ýurdumyzyň dokma senagaty, oba hojalygy, ulag, logistika pudaklarynda, hususy ulgamynda maýa goýumlary amala aşyrmak we karz serişdelerini gönükdirmek boýunça ysnyşykly hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. 30 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň maliýe serişdeleriniň hasabyna ýurdumyzda 87 sany taslama amala aşyryldy. Häzirki wagtda 22 sany taslamany durmuşa geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.

2023-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda Lýuksemburgda «Ýewropa Bileleşigi — Merkezi Aziýa» formatynda daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň derejesinde nobatdaky maslahat geçirildi. Onuň çägindäki duşuşyklarda Ýewropa Bileleşiginiň ýokary wezipeli wekilleri Ýewropanyň Maýa goýum banky bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ýola goýmak mümkinçiligine garamagy teklip etdiler. Şeýle hem bu mesele Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidentiniň şu ýylyň ýanwarynda ýurdumyza bolan sapary mahalynda ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýeri gelende belläp geçsek, Ýewropanyň Maýa goýum banky 1958-nji ýylda esaslandyryldy. Häzirki wagtda Ýewropa Bileleşigine girýän 27 döwlet bu bankyň paýdarlary bolup durýar. Bank dünýäniň 160 döwleti, bank edaralary, BMG we beýleki halkara guramalar, jemgyýetçilik düzümleri, hususy ulgam bilen hyzmatdaşlyk edýär. Onuň maýa goýumlary we karz serişdeleri, esasan, daşky gurşaw, howanyň üýtgemegi, innowasiýalar, sanly ulgam, adam maýasynyň ösdürilmegi, kiçi we orta telekeçiligi, durnukly şäherler we sebitler, energiýa, durnukly ulag ýaly ugurlara gönükdirilendir.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan bilen Ýewropanyň Maýa goýum bankynyň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmak, hususan-da, Çarçuwaly ylalaşygyň taslamasyna degişli gepleşikleri geçirmek ýaly meseleler boýunça teklipler beýan edildi. Munuň özi Ýewropa Bileleşigi bilen gatnaşyklaryň gerimini giňeltmäge, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge ýardam berer, Ýewropa Bileleşiginiň we Ýewropa döwletleriniň maýa goýumlaryny ýurdumyzda amala aşyrylýan möhüm ykdysady taslamalara çekmegiň goşmaça guraly bolup hyzmat eder.

Mährijemal NURSÄHEDOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok