Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda milli mirasymyzyň ösdürilmegine, dünýä ýaýylmagyna uly ähmiýet berilýär. Gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan şöhratly taryhymyzda görnükli yz goýan beýik şahsyýetlerimiziň sarpasy belentde tutulýar. Türkmen edebiýatynyň genji-hazynalary bolan dessandyr şygyrlarynda, Magtymguly, Şabende, Magrupy, Seýdi, Zelili, Mätäji ýaly nusgawy edebiýatymyzyň parlak ýyldyzlarynyň ajaýyp eserlerinde müňýyllyklara uzaýan taryhy şöhratly türkmeniň agzybirligini, watanparazlygyny, merdi-merdanalygyny, edermenligini, halallygyny, gahrymançylygyny ýokary çeperçiligi bilen duýmak bolýar. Şol özboluşlylygyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli bitewilige öwrülmegi, belentden sarpalanmagy bolsa her bir türkmen raýatyny diýseň buýsandyrýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň: «Ajaýyp şygyrlary bilen ynsan kalbyny ýagşylyk nuruna bezän türkmeniň akyldar ogly Magtymguly Pyragynyň mertebesi türkmen halky üçin iň belentde goýulýan mukaddeslikleriň biridir» diýen jaýdar sözleri, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe akyldar şahyr Pyragynyň ömri we döredijiligini, edebi mirasyny içgin öwrenmäge, dünýä ýüzüne ýaýmaga uly mümkinçilik döredýär. Magtymguly atamyzyň arzuwlan agzybirligine, jebisligine ýetip, asuda durmuşda ýaşaýan mähriban halkymyz Pyragynyň bagtyýar nesillere miras galan gymmatly edebi döredijiligini, eserlerini bu gün başynyň täjine deňeýär.
Mälim bolşy ýaly, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýen şygar bilen atlandyrylan 2024-nji ýylda beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy uly ruhubelentlikde giňden baýram ediler. Şeýle hem, Mähriban Arkadagymyzyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly goşgusy Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk şanly senesine özboluşly sowgatdyr.
Halkyň hakydasynda beýik akyldaryň ýoly bolup galan ölmez-ýitmez taglymaty halky bitewilige, ruhy belentlige, päk ahlaklylyga, halallyga, ynsanperwerlige çagyrýar. Magtymguly Pyragynyň goşgularynda türkmen zenanynyň keşbi öý-ojagyň söýesi, mert ýigidiň keşbi watan goragçysy bolup ör boýuna galýar. Biz munuň şeýledigine şahyryň gyzyldan gymmatly setirlerini okanymyzda aýdyň göz ýetirýäris. Magtymguly Pyragynyň şygryýet dünýäsiniň bu özboluşly aýratynlyklary dana akyldaryň eserleriniň, goşgularynyň terbiýeçilik ähmiýetini has-da artdyrýar.
Şular bilen birlikde, TÜRKSOÝ tarapyndan 2024-nji ýylyň «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi, şahyryň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi söz ussadynyň edebi mirasynyň näderejede gymmatlydygyny doly açyp görkezýär.
Milli mirasymyzy, nusgawy edebiýatymyzy içgin öwrenmäge, beýik Pyragynyň döredijiligini äleme ýaýmaga ähli şertdir mümkinçilikleri döredýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, döwletli tutumlary rowaç bolsun!
Ýazjemal AMMATOWA,
TKA-nyň Baýramaly etrap
birleşmesiniň hünärmeni.
Teswirler