Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynda ýerleşýän 50-nji orta mekdebinde mugallymlar bilen ýaşlary okatmakda, terbiýe bermekde ýüze çykýan meseleleri çözmek, olarda ylym-bilim almaga nädip höwes döretmek barada pikir alyşma duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda häzirki zaman maglumat dünýäsinde ýüze çykýan kiberhowplardan nähili goranmaly, ýaşlarda kibermedeniýeti ösdürmek maksady bilen “Kibermedeniýetiň ýaşlara täsiri” atly görkeziliş çykyşy geçirildi. Mundan başgada “Dil guralmy? hünärmi?” we “Ussatlyk üçin 10 müň sagat” ýaly temalar boýunça Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Maglumat beriş bölüminiň müdiri Merdan Ataýew hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň işjeň agzasy, Magtymguly adyndaky TDU-niň talyplary Begmyrat Baýrambabaýew we Öwezgeldi Arazalyýew çykyş etdiler.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Görogly etrap Geňeşiniň wekilleriniň hem-de Görogly etrabynyň mugallymlarynyň arasynda geçirilen bu pikir alyşma duşuşygynda ýaş nesli okatmak we kämil şahsyýetler edip ýetişdirmek, ýaşarda kiberulgamlara garaşlylygy nädip ýeňip geçmek dogrusynda gyzykly gürrüňler edildi. Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Maglumat beriş bölüminiň alyp barýan işleri barada çykyş edildi.
Duşuşyk TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň Maglumat beriş bölümi we TMÝG-niň Daşoguz welaýat Görogly etrap Geňeşiniň guramagynda geçirildi.
Şeýlede okaň:
Görogly etrabynda mugallymlar bilen pikir alyşma duşuşygy geçirildi
Balkanabat şäherinde “Kämil nesil-hüşgärli ýaşlar” atly ýaşlar duşuşygy geçirildi
S.Türkmenbaşy etrabynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi
Sarahs etrabynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi
Aşgabatda “Baýlyga ýetmek” atly pedagogika seminary geçirildi
Köneürgenç etrabynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi
Kaka etrabynda ýaşlar bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçrildi
Akdepe etrabynda “Kibermedeniýet” barada duşuşyk geçirildi
Teswirler