Her bir ynsan öz ýaşaýan döwründen, döwletinden lezzet alyp ýaşaýar diýsek ýalňyşmarys. Bu bolsa biziň bagtly geljege sary ugrukmagymyza, ymtylmagymyza esas bolýar. Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda gülleýän ajaýyp zamanamyzda ýaşaýan her bir adam özüni bagtly saýýandyr.
Biziň ykbalymyz ajaýyp döwürde şu mukaddes topraga bagly edilipdir. Bagtyýar durmuşda ýaşamaga, işlemäge, döretmäge, ylym-bilim almaga döredilen şertleriň sanasaň sogaby bar. Ýurdumyzda ýetilýän sepgitler, gazanylan üstünlikler bu günki gün yklymlar aşyp dabarasy dünýäniň çar künjegine ýaň salýar. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynyň ösmegi, kämilleşmegi, nusgalyk derejä göterilmegi ýaşlaryň zähmetine gönüden-göni bagly bolýar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda eden taryhy çykyşynda: “Ýaşlarymyzyň ruhy-ahlak, medeni, aň-bilim we beden taýdan ösüşine uly ähmiýet berýäris. Çünki ylymly-bilimli, sagdyn ýaşlar döwletimiziň kuwwatly güýjüdir, nurana geljegidir” diýip belläp geçmegi biz ýaşlary has hem ruhlandyrdy. “Ýaşlar -Watanyň daýanjy” atly kitap bolsa ýaşlaryň durmuşdaky ýan gollanmasyna öwrüldi.
Goý ýurdumyzy mundan beýläk-de belent ösüşlere atarjak ýaşlaryň okamagyna işlemegine döretmegine ähli şertleri döredip beren Gahryman Arkadygymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman, tutýan tutumly işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Aýnura JORAMURADOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Türkmenabat agrosenagat orta hünär
okuw mekdebiniň talyby.
Teswirler