Türkmenistanly ýaş sazanda IX Bütinrussiýa saz bäsleşiginde baýrakly orna mynasyp boldy

Türkmenistanly ýaş sazanda Eziz Garýagdyýew “Saz marafony” atly çagalar saz mekdeplerinde we çagalar sungat mekdeplerinde bilim alýan okuwçylaryň arasynda geçirilýän IX Bütinrussiýa saz bäsleşiginde baýrakly orna mynasyp boldy.

Ýeri gelende belläp geçsek, bäsleşik köp sanly ýurtlaryň wekilleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly geçirildi.

Maýa Kuliýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Ýöriteleşdirilen saz mekdep-internatyna wekilçilik edýän Eziz “Kakylyp we üflenilip çalynýan saz gurallarynda saz çalmak” ugry boýunça üçünji ýeri eýeledi. Ol Alekssandro Marçellonyň “Goboýly orkestr üçin konsertiniň” birinji bölegini ýerine ýetirdi. Saza bolan söýgi Ezizde çagalykdan bäri bar. Onuň halypasy Ahmat Abaýew.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok