Türkmen türgenleri kýokuşinkaý boýunça dünýä çempionatyna gatnaşarlar

Türkmen türgenleri şu ýylyň 15 — 18-nji maýynda Kanadada geçiriljek kýokuşinkaý karate boýunça dünýä çempionatyna gatnaşarlar. Häzirki wagtda Türkmenistanyň milli ýygyndy topary Aşgabat şäheriniň Bedenterbiýe we sport naradaky Baş müdirliginiň «Täze Zaman» bedenterbiýe-sagaldyş toplumynda ykjam türgenleşik geçýär. Türgenleşikleriň tertibi ýokary derejede alnyp barylýar. Hepdäniň alty gününde ir bilen hem-de agşam geçilýän türgenleşikleriň her biri iki sagatlap dowam edýär. Karateçileri Myrat Ekäýew taýýarlaýar. Ol şu wezipede 2013-nji ýyldan bäri zähmet çekýär.

Ýaponiýaly ussat Masutasu Oýama tarapyndan esaslandyrylan kýokuşinkaý karate berk aragatnaşyk usuly bilen tapawutlanýar. Galtaşykda alnyp barylmaýan söweş sungatlarynyň köpüsinden tapawutlylykda, bu ýerde hakyky täsir güýji doly galtaşmakdaky emellerde görkezilýär.

Ýeri gelende belläp geçsek, Türkmenistanda 1500-den gowrak adam kýokuşinkaý karate bilen meşgullanýar. Bu görnüş ýaşlaryň arasynda has hem meşhurdyr. Söweş sungatydygyna garamazdan, bu görnüş çagalaryň arasynda-da uly meşhurlyga eýedir.

Häzirki wagtda ýurdumyzda 40-dan gowrak tälimçi sportuň şu görnüşini saýlan ýaşlary ykjam taýýarlamak boýunça zähmet çekýärler. Türkmenistanyň Kýokuşinkaý karate merkezi 1993-nji ýyldan bäri hereket edýär.

Ruhyýa ÇARYÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok