S.Türkmenbaşy etrabynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi

S.Türkmenbaşy etrabynyň 13-nji orta mekdebinde “Hünär meýilnamasy we karýerany meýilleşdirmek” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Bu maslahata S.Türkmenbaşy etrabynyň 13-nji orta mekdebiniň mekdep okuwçylary, halypa mugallymlar,  Türkmenistanyň Magtymguly Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň S.Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň başlygy Kuwwat Galpakow gatnaşdylar.

Maslahat mekdep okuwçylaryň, ýetginjekleriň gyzyklanýan temalary boýunça  “Hünär meýilnamasy we karýerany meýilleşdirmek” ady bilen geçirilip, olaryň gelejegi, ösüşi barada gyzykly gürrüňler, pikir alyşmalar boldy. Maslahatda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň işjeň agzasy Yhlas Babakulow hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň maglumat beriş bölüminiň müdiri Merdan Ataýew dagylar çykyş etdiler.

Maslahat Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň maglumat beriş bölümi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz  welaýat S.Türkmenbaşy etrap  Geňeşiniň gurnamagynda geçirildi.

Şeýlede okaň:
S.Türkmenbaşy etrabynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi
Sarahs etrabynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi
Aşgabatda “Baýlyga ýetmek” atly pedagogika seminary geçirildi
Köneürgenç etrabynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi
Kaka etrabynda ýaşlar bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçrildi
Akdepe etrabynda “Kibermedeniýet” barada duşuşyk geçirildi

Yhlas BABAKULOW,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş
institutynyň talyby,
TMÝG-niň işjeň agzasy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok