Köneürgenç etrabynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi

Köneürgenç etrabynyň 58-nji orta mekdebinde “Kibermedeniýet we sanly tehnologiýa” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Bu maslahata Köneürgenç etrabynyň 58-nji orta mekdebiniň mekdep okuwçylary, halypa mugallymlar,  Türkmenistanyň Magtymguly Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap Geňeşiniň başlygy Mergen Öwezow gatnaşdylar.

Maslahat mekdep okuwçylaryň, ýetginjekleriň gyzyklanýan temalary boýunça  “Kibermedeniýet we sanly tehnologiýa” ady bilen geçirilip, maglumat howpsuzlygy barada gyzykly gürrüňler, pikir alyşmalar boldy. Maslahatda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň işjeň agzalary Sylapberdi Atabaýew, Uraýew Baky, Rejepow Bezirgen hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň maglumat beriş bölüminiň müdiri Merdan Ataýew dagylar çykyş etdiler.

Maslahat Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň maglumat beriş bölümi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz  welaýat Köneürgenç etrap  Geňeşiniň gurnamagynda geçirildi.

Şeýlede okaň:
S.Türkmenbaşy etrabynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi
Sarahs etrabynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi
Aşgabatda “Baýlyga ýetmek” atly pedagogika seminary geçirildi
Köneürgenç etrabynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi
Kaka etrabynda ýaşlar bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçrildi
Akdepe etrabynda “Kibermedeniýet” barada duşuşyk geçirildi

Sylapberdi Atabaýew,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş
institutynyň talyby,
TMÝG-niň işjeň agzasy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok