Jogapkärli möwsüme ykjam taýýarlyk görülýär

Bahar paslynyň ýakynlaşýan günlerinde ýurdumyzyň daýhanlarynyň, tehniki hyzmat ediş, suw hojalygy kärhanalarynyň işgärleriniň aladasy artýar. Çünki ýene-de sanlyja günlerden ýeralmanyň, gök ekinleriň käbir görnüşleriniň, ondan soňra bolsa gowaça ekişine girişiler. Şoňa görä-de, bu möwsüme hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmek häzirki döwürde öňde durýan esasy wezipeleriň biri bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly geçirýän Ministrler Kabinetiniň mejlislerinde, iş maslahatlarynda berýän tabşyryklarynyň, görkezmeleriniň gyşarnyksyz ýerine ýetirilmegi ugrunda alnyp barylýan işler barha ýokary depgine eýe bolýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda gowaçanyň, bugdaýyň, gök-bakja ekinleriniň bereketli hasylyny ýetişdirmegi maksat edinýän ýurdumyzyň kärendeçileri, daýhan hojalyklarynyň agzalary, telekeçileri bar bolan ähli mümkinçiliklerden peýdalanmaga çalşyp, ýadawsyz zähmetiň nusgasyny görkezýärler. Olar munuň üçin niýetlenen müňlerçe gektar meýdanlarda topraga tohum taşlamaga taýýarlyk işlerini, bugdaýyň idegini ýokary hilli ýerine ýetirýärler.

Häzir pagta arassalaýjy kärhanalarda ýazky ekişe gowaça tohumynyň ýeterlik mukdary arassalanyp taýýarlanylýar. Şunuň bilen birlikde, etraplaryň daýhan birleşiklerindäki çigit urularyny zerur bolan önümler bilen üpjün etmek işlerine hem taýýarlyk görülýär.

Ekişe agrotehniki möhletde başlamakda we gysga wagtda tamamlamakda ekiji tehnikalaryň orny uludyr. Ýaz ekişine gatnaşdyryljak tehnikalaryň tejribeli mehanizatorlara berkidilmeginiň ähmiýeti uludyr. Munuň özi ekişiň ýokary talaplara laýyklykda, bökdençsiz geçirilmegini üpjün edýär. Şeýle bolansoň, häzirki wagtda möwsüme gatnaşmaly tehnikalaryň sany doly kesgitlenip, ýokary öndürijilikli traktorlar bu ugurda ýeterlik iş tejribesi bolan mehanizatorlara berkidilýär. Bu tehnikalar ekişiň ilkinji günlerinden daýhanlaryň ygtybarly daýanjyna öwrüler.

Yhlas ATAJANOW,

Aşgabat şäherindäki
agrosenagat orta hünär okuw
mekdebiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok