Başkortostan Respublikasy Türkmenistana 292 tonna bugdaý ununy eksport etdi

Russiýa Federasiýasynyň Başkortostan Respublikasy Türkmenistana 292 tonna bugdaý ununy eksport etdi. Degişli önümlere “Rosselhoznadzoryň” Başkortostan boýunça müdirligi tarapyndan gözegçilik edildi diýip, ýerli habar beriş serişdeleri habar berýär.

Bellenişi ýaly, entomologiýa barlaglarynyň netijelerine laýyklykda, zyýanly karantin organizmleri ýüze çykarylmady. Önüm import ediji ýurduň ähli talaplaryna laýyk gelýär.

Önümiň eskporty “Halkara hyzmatdaşlyk we eksport” taslamasynyň çäklerinde “Mynasyp we netijeli zähmet hem-de üstünlikli telekeçilik” atly milli meýilnamanyň çäklerinde amala aşyryldy.

Ýeri gelende belläp geçsek, Russiýanyň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek boýunça milli maksatlary ýurtlaryň işewür toparlarynyň arasynda ýakyn hyzmatdaşlygy ýola goýmakda ähmiýetli orny eýeleýär.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok