Aşgabatda “Baýlyga ýetmek” atly pedagogika seminary geçirildi

Dynç güni paýtagtymyzda ýerleşýän “Bilim nokady” okuw merkezinde “Baýlyga ýetmek” atly pedagogika seminary geçirildi.

Seminarda adamyň gymmatly baýlygy bolan ylym öwrenmek, özüňi kämilleşdirmek, başgaça aýdanymyzda biziň elimizden alnyp bolmajak baýlyga nädip ýetmek dogrusynda gürrüň edildi.

Bu seminar Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Maglumat beriş bölümi hem-de “Bilim nokady” okuw merkeziniň guramagynda geçirildi. Maslahatda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň işjeň agzalary Mekan Gahrymanow, Ysmaýyl Serdarow we Maglumat beriş bölüminiň müdiri Merdan Ataýew çykyş etdiler.

Diňleýjiler özüni gyzyklandyrýan soraglary berip, olary nähili çözmek dogrusynda pikir alyşdylar.

“Aslynda men bu seminara gelenimde pul gazanmagy öwrenerin diýip gelipdim, ýöne has gymmatly baýlygyň ylmyň nähili zerurdygyny, ylmyň – baýlygy getirýän baýlykdygyna, özümizden başga hiçkimiň ony alyp bilmeýändigine düşündim”
diýip mekdep okuwçysy Sanjar Hazratkulow özünde galdyran täsiri biz bilen paýlaşdy.

Seminaryň ahyrynda üstünlikli tamamlanan “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Maglumat beriş bölüminiň, alyp baran işleri dogrusynda we häzirki wagtda alnyp barylýan işler dogrusynda tanyşdyrylyş çykyşy bolup geçdi.

Şeýlede okaň:
S.Türkmenbaşy etrabynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi
Sarahs etrabynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi
Aşgabatda “Baýlyga ýetmek” atly pedagogika seminary geçirildi
Köneürgenç etrabynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi
Kaka etrabynda ýaşlar bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçrildi
Akdepe etrabynda “Kibermedeniýet” barada duşuşyk geçirildi

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok