Howandar Siz, sahawatly Arkadag!

Maşgala nesil terbiýesinde möhüm orny bolan ynsanyň binýadyny kemala getirýän mukaddeslikdir. Her bir çaga maşgalasynda gören görüm-göreldesini durmuş ýollarynda özüne hemra edinýär. Gahryman Arkadagymyzyň “Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr sahawat gaznasyny” döretmegi hem maşgaladaky göreldeden gözbaş alýar.

Milli Liderimiziň jöwher paýhasyndan çyzylyp çykan “Älem içre at gezer” hem-de “Döwlet guşy” romanlarynda beýan edilýän wakalaryň mysalynda biz munuň aýdyň beýanyny görýäris. “Älem içre at gezer” romanynda Berdimuhammet Annaýewiň enesi Hesel ejäniň kiçijik oglanjyklara gowy okandygyny göz öňünde tutup eşijekler tikip geýdirmegi çagajyklaryň göwün guşuny ganatlandyrýar. Berdimuhammet Annaýew hem öz okuwçylarynyň içinde maddy ýagdaýy pesräk çagalara öz kitaplaryny öýlerine çenli göterişmegini haýyş eder eken soňra bolsa “sen maňa uly kömek etdiň, gel, oturyp bile nahar iýeli” diýip çagajyklaryň garnyny doýurar eken. Bu zatlaryň özi bolsa çagajyklaryň kalbynda ýagşylyga söýgi döredip, haýyr sahawatlylygyň beýik nusgasy bolup durýar.

“Döwlet guşy” romanynda Mälikguly aganyň entek 12 ýaşlydygyna seretmezden, ähli zadyny deň-duşlary bilen paýlaşmagy, iň esasy bellemeli zat, Magtymguly Pyragynyň “Ýeldim tut” goşgusynyň üsti bilen obadaşlaryna ruhy medet bermegi hem ýagşylygyň, ynsanperwerligiň beýik nusgalarydyr. Şeýle maşgalada terbiýe alan Gahryman Arkadagymyz bolsa bu gün tutuş türkmen halkyna görelde, nusga bolýar. “Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr sahawat gaznasy” we onuň alyp barýan işleri sahawatlylygyň nusgasydyr. Sebäbi türkmen halky owaldan millilige, haýyr sahawata, ýagşylyga uly ähmiýet berip durmuşynda amal eden halk bolupdyr.

Gahryman Arkadagymyzyň adyny göterýän bu gazna howandarlyga durmuşyň haýsy hem bolsa bir öwrüminde kömege, delalata mätäç çagalara hemaýat bermek işine eýýämden girişendiginiň janly şaýady bolanymyzda didelerimize biygtyýar inýän damjalar ähli Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza buýsanç duýgusyny oýarýar kalplarymyzda.

Magtymguly atamyz hem haýyr sahawat, ýagşylyk etmegi ündäp, “Delalat ýagşy” goşgusynda şeýle belleýär:

Ýetimi göreňde güler ýüz bergil,
Goldan gelse oňa tagam duz bergil,
Gamgyny göreňde süýji söz bergil,
Entäni goldara hemaýat ýagşy.

Tutuş türkmen halkyny bagtyýar durmuşda ýaşatmak üçin gijesini gündiz edip zähmet çekýän, ähli işde görüm-göreldämiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, tutýan il bähbitli umumadamzat ähmiýetli işleri hemişe rowaç alsyn.

Gunça SEÝİDOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok