Dünýäniň iň uly ýolagçy gämisi ilkinji syýahatyna başlady

“Icon of the Seas” ýa-da “Deňizleriň nyşany” diýlip atlandyrylýan dünýäniň iň uly ýolagçy gämisi ilkinji syýahatyna başlady. Onuň ilkinji syýahaty bir hepde dowam eder. Gämi Meksikada, Gondurasda durar, ahyrky nokat Bagam adalary bolar. Gämini ýüzüşe goýbermek dabarasyna meşhur futbolçy Lionel Messi gatnaşdy.

Gämi barada aýdyp geçsek, onda uly restoranlaryň birnäçesi, çäreleri geçirmek üçin ullakan meýdança, uly seýilgäh, buzda typmak üçin meýdança, golf meýdança, gaýa dyrmaşylýan ýerler, 47 metrlik şarlawuk bar. Ol bir wagtda 7600 ýolagçyny we olara hyzmat edýän 2 müňden gowrak ekipaž agzany ýerleşdirip bilýär.

Gämi “Royal Caribbean” kompaniýasyna degişli bolup, agramy 250 müň 800 tonna, uzynlygy bolsa, 365 metre barabar bolan dünýädäki iň uly ýolagçy gämisidir. Ol “Titanikden” hem bäş esse uludyr. Täze gämide syýahat etmek üçin petekleriň bahalary adam başyna 1723 dollardan 2639 dollar aralygyndadyr.

«Icon of the Seas» – 20 gatdan ybarat bolup, ýagny beýikligi 365 metr bolar. Gäminiň umumy bahasy 2 milliard dollardan geçýär. Ýolagçy gämisi iň arassa ýakylýan deňiz ýangyjy bolan suwuklandyrylan tebigy gaz bilen hereket edýär.

Akjemal BABAÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok