Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky özara söwda dolanyşygy $10,59 milliarddan geçdi

Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky özara söwda dolanyşygy 2023-nji ýylda 10 milliard 590 million ABŞ dollaryndan geçdi. Diňe 2023-nji ýylyň dekabr aýynda Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky söwda dolanşygy 863 million 112 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy.

Ikitaraplaýyn söwda dolanyşygynyň köp bölegi türkmen eksportynyň paýyna düşýär. Türkmenistan Hytaýa 2023-nji ýylda 9 milliard 633 million 228 müň ABŞ dollaryna barabar bolan önüm iberdi. Şeýle hem geçen ýylyň dowamynda Türkmenistan takmynan 956 million 840 müň ABŞ dollaryna deň bolan hytaý harytlaryny import etdi.

Ýeri gelende belläp geçsek, Türkmenistanyň Hytaýa eksportynyň esasy bölegi tebigy gaz bolup, ol turbageçirijiler arkaly iberilýär.

Gülaýym AGAÝEWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok