“Şwed stoly” görnüşinde hyzmat etmekligiñ esasy sebäbi, iýmitlenmegi we hyzmaty çaltlandyrmak maksady bilen amala aşyrylýar. Umumy iýmitlenmegiň wagty ertirlik üçin 15-20 min, günortanlyk we agşamlyk 25-30 min hasaplanandyr.
“Şwed stoly” görnüşinde naharlananda, naharlanyjylara hyzmat edýänlere (ofisant) garaşmaklyk düzgüni aradan aýrylýar. Her bir adam özüniň islegine görä ol – ýa-da bu tagamy saýlaýar.
Tejribeden görnüşi ýaly, “Şwed stoluny” ulanmaklyk ertirlik üçin 8-10 sagat aralygynda; günortanlyk -12-15 sagat aralygynda; agşamlyk bolsa 17s-30 min – 19s -30 min aralygy has oñaýly hasaplanýar. “Şwed stoly” üçin restoranlarda ýörite zal ýa-da hyzmat etmek üçin onuñ oñaýly bölegi ulanylýar (bölünip berilýär). “Şwed stolunyñ” işleýän wagty, bahalary naharlaryñ assortimenti barada bildiriş görnükli ýerde asylyp goýulýar.
“Şwed stoly” boýunça hyzmatlar gurnamak üçin ýörite toparlar döredilýär. Şol topara girýän her bir agza, anyk wezipäni ýerine ýetirýär. Aşpezler, ofisantlar topary başga hemme işlerden boşadylan bolmalydyrlar. Hyzmat edýän topar, hemme önümleri (naharlary) stola owadanlap ýerleşdirýärler we günüň dowamynda assortimente gözegçilik edýärlar we assortimenti yzygiderli dolduryp we stoly bezäp durýarlar hem-de ulanylan gap-gaçlary aýyrýarlar. Adamlaryñ islegine görä, stoluñ başynda oturdyp hyzmat etmäge hem borçludyrlar (ýaşy uly, ýarawsyz adamlaryñ haýyşy boýunça)
“Şwed stolunyň” assortimenti düzülende, naharlanmagyñ wagty (ertirlik, günortanlyk), rejeli iýmitlenmegiñ aýratynlyklary, islegler öwrenilýär. Bu bolsa her bir adamyñ iýmitini özüniñ ýagdaýyna görä rejelemäge mümkinçilik döredýär. Şol zalda dürli içgileriñ, çilimleriñ satuwyny ýörite barlarda ýa-da ýörite arabajyklar ulanyp gurnamak mümkin.
Günortanlyk naharyñ sanawyna sowuk naharlar bilen gök önümler, balyk assortisi, Maniradly balyk, etli assorti, duza ýatyrylan balyk, winegret girizilmelidir.
Birinji naharlardan çorba, borş, we ş.m. ikinji naharlardan kartoşka bilen gowrulan balyk biwşteks, şeýle-de doñdurma, kompot, süýtli çaý, gara kofe, mineral suw, miwe şireleri we ş.m. stolda goýulýan naharlaryñ asssortimenti üýtgeşik bolmagydyr. Naharlanyjy adamyñ naharyñ her bir görnüşinden datmaga mümkinçiligi bolmalydyr – bu “Şwed stolunyñ” esasy aýratynlygydyr. Şonuñ üçin hem stoluñ üstündäki iýmitleriñ köpüsi kolbasa, wetçina, syr, et ýaly kesilip goýulan iýmitlerdir. Köp myhmanlar balyk we balyk önümleriniñ dürli görnüşlerini, halaýarlar. Şonuñ üçin bu ýagdaý göz öñünde tutulmalydyr.
Ertirlik naharlara – täze hyýar, pomidor we olardan taýýarlanan salatlary, köke, konditer önümleri, mesge goýulmalydyr.
Günortan naharynda – 6-8 işdä açarlar, 2-3 suwuk 1-nji nahar, 3-4 ikinji nahar, souslar, konditer önümleri, miweler, gyzgyn içgiler, miwe şerbetleri we ş.m. bolmalydyr.
Jeýhun NURPOLADOW,
S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Türkmenabat agrosenagat orta hünär
okuw mekdebiniň talyby.
Teswirler