Bol hasylyň düýbi tutulýar

Her bir ýyly üstünliklere besleýän türkmen daýhany tarypa mynasyp ösüşlere eýe bolup, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyna öz mynasyp goşandyny goşýar. Oba hojalyk pudagynda durmuşa geçirilýän oňyn özgertmeler özüniň ýokary netijesini hem berýär. Bu pudakda zähmet çekýän babadaýhanlar üçin oňaýly şertleriň döredilmegi, obasenagat toplumynyň işiniň barha kämilleşdirilmegi beýik sepgitleriň eýelenilmegine ýardam edýär.

Ýurdumyzyň gallaçy babadaýhanlary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň üstümizdäki ýylda ekilen güýzlük bugdaýdan bol hasyly ýygnamagy maksat edinýärler. Olar şu günlerden bugdaýyň idegini kemsiz ýetirmek bilen öňde goýan maksatlaryna ýetjekdiklerine berk ynanýarlar. Şu günlerde bereketli ekine garaşygyň ýola goýluşyny, şonuň netijesinde gowy ösüp boý alýan bugdaýlary synlap, bu ýylda hem ýurdumyzyň zähmetsöýer adamlarynyň öňde goýan maksatlaryna ýetmek üçin yhlaslaryny gaýgyrmaýandyklaryna gözüň ýetýär.

Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen daýhanlaryň oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl ýetişdirmekleri üçin amatly şertler we dürli ýeňillikler döredilýär. Bu bolsa olary ruhubelent zähmet çekmäge, oba hojalyk önümlerini öndürmek baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmäge ruhlandyrýar.

Ene toprakdan bol hasyl öndürmegi başarýan gallaçy daýhanlaryň eýeçiligindäki meýdanlarda yhlasly zähmet çekip, ekinlere edýän idegini synlanyňda olaryň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Watan harmanyna «guşgursak» ak bugdaýyň bereketli hasylyny goşmak barada öňde goýýan maksatlaryna ýetjekdiklerine ynamyň artýar.

Bagtygül REJEPOWA,

Aşgabat şäherindäki
agrosenagat orta hünär okuw
mekdebiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok