«Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde howpsuzlygy pugtalandyrmakda we ynamy berkitmekde bitarap ýurtlaryň orny» atly halkara maslahaty şu ýylyň birinji ýarymynda Aşgabatda geçirmek göz öňünde tutulýar. Bu çärä gurama agza ýurtlaryň hemişelik wekillerini çagyrmak meýilleşdirilýär.
Maslahata gatnaşyjylara ýurdumyz tarapyndan öňe sürülýän Ählumumy howpsuzlyk strategiýasynyň esasy ugurlaryna, şeýle hem ýüze çykýan dürli halkara ýagdaýlary syýasy-diplomatik ýollar arkaly çözmekde bitaraplygyň wajyp gurallaryny ulanmak, syýasy dialogyň medeniýetini dikeltmek ýaly meselelere çekmäge mümkinçilik dörediler.
Mundan başga-da, Türkmenistanyň ÝHHG bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek we giňeltmek maksady bilen, şu ýylyň mart aýynda bu guramanyň Baş sekretarynyň Türkmenistana saparyny guramak meýilleşdirilýär. Şeýle hem Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlamentara Assambleýasynyň çäklerinde terrorçylyga garşy alnyp barylýan işlere işjeň gatnaşmak, bu düzümiň çäklerinde hereket edýän Terrorçylyga garşy hereket etmek boýunça komitetiň çäklerinde hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen, şu ýylyň aprelinde assambleýanyň wise-prezidenti we komitetiň başlygynyň Türkmenistana saparyny guramak göz öňünde tutulýar.
Bägül PAŞIKOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler