Türkmenistanda öndürilen önümler daşary ýurduň iri söwda merkezlerinde satylýar

Türkmenistanda öndürilen önümler Kazan şäherinde ýerleşýän “Bahetle” atly iri söwda merkezinde satylyp başlandy. Bu söwda merkezinde azyk önümlerinden başlap, dürli himiýa we hojalyk harytlary satylýar.

Türkmenistanly talyp Milana Kaletinskaýa: “Men bir ýyla golaý wagtdan bäri Kazanda okaýaryn. Bu ýerde Türkmenistanda öndürilen önümleri görendigime örän şat. Bu ýerde ter we gaplama önümlerini, goýaltmalary, maýonezleri we souslary elýeterli bahadan satyn alyp bolýar. Eger-de biz daşary ýurt önümleri bilen bir ýerde duran Türkmenistanda öndürilen önümleri görenimizde, biz höwes bilen öz ýurdumyzyň harytlaryny satyn alýarys” diýip, belledi.

Bellenişi ýaly, Türkmenistanda öndürilýän önümler Kazanyň söwda nokatlarynda has köp duş gelýär. Bu şäherdäki iri ýokary okuw mekdepleriniň umumy ýaşaýyş jaýlarynyň golaýyndaky dükanlarda türkmen harytlarynyň görünmegi bu ýerde okaýan köp sanly türkmenistanly ýaşlary guwandyrýar. Mysal hökmünde bellesek, diňe Kazan Federal uniwersitetinde türkmen ýaşlarynyň 4 müňe golaýy bilim alýar.

Aýşat HANOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok