“Tatar-inform” neşiri Tatarystan respublikasynda bilim alýan daşary ýurt talyplarynyň sanyny mälim etdi. Onda türkmen ýaşlary öňdäki orny eýeleýär. Häzirki wagtda Tatarystanda jemi 147,3 müň talyp bilim alýar. Şolaryň 22,7 müňüsi daşary ýurt raýatlarydyr. Olar goňşy 15 ýurduň we uzakdaky 111 döwletiň wekilleridir. Ähli daşary ýurt talyplarynyň ýarysyndan gowragy Merkezi Aziýa we Ýakyn Gündogar ýurtlarynyň ýaşlarydyr.
2023-2024-nji okuw ýylynda bakalawr we hünärmen maksatnamasy boýunça Kazanyň Federal uniwersitetinde (KFU) jemi 9,5 müň adam talyplyga kabul edildi. Şonuň 1,7 müňüsi daşary ýurt raýatlarydyr. Onuň esasy bölegini bolsa, Merkezi Aziýa döwletleriniň we Hytaýyň talyplary düzýär. Ýokary okuw mekdebine kabul edilen türkmenistanly talyplaryň sany hem görnetin artdy. Eger-de 2022-nji ýylda KFU-a 593 türkmenistanly okuwa kabul edilen bolsa, bu san geçen ýylda 936-a ýetirildi.
Ýeri gelende belläp geçsek, Kazanyň ýokary okuw mekdeplerinde türkmenistanly talyplaryň sanynyň artmagy ady agzalan ýokary okuw mekdepleriniň diplomlarynyň Türkmenistanda döwlet derejesinde ykrar edilmegi bilen hem baglanyşyklydygy aýdylýar.
Ogulşeker NURLYÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler