«Dialog — parahatçylygyň kepili» atly halkara forumyň Jemleýji resminamasy alty dilde neşir edildi

Mälim bolşy ýaly, 2023-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Aşgabatda Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 28 ýyllygy mynasybetli «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly halkara forum geçirildi. Halkara maslahatyň netijeleri boýunça Jemleýji resminama kabul edildi.

Türkmenistanyň BMG-däki hemişelik wekilhanasynyň habar bermegine görä, «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly halkara forumyň Jemleýji resminamasy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde guramanyň alty resmi dilinde neşir edildi.

Bu resminama Baş Assambleýanyň häzirki mejlisiniň «Parahatçylyk medeniýeti», «Parahatçylygy döretmek we goramak», şeýle-de «Merkezi Aziýa — parahatçylygyň, ynamyň we hyzmatdaşlygyň sebiti» gün tertibiniň dowamynda çap edildi. Jemleýji resminamada BMG-niň Baş sekretarynyň «Biziň umumy gün tertibimiz» atly hasabatynyň öňe sürülmegine goşant goşan «Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly» şygary astynda geçen 2023-nji ýylda Türkmenistan tarapyndan başlanan ählumumy parahatçylyk döredijilik syýasatynyň ähmiýeti nygtalýar.

Resminamada gapma-garşylyklaryň öňüni almakda gepleşikleriň roluna we bu babatda zenanlaryň esasy ornuna, şeýle-de asuda, howpsuz geljegi döretmek üçin, ýaşlary gepleşiklere çekmegiň ähmiýetine üns berilýär.

Ýagmyrmyrat HANOW,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok