«Atda wepa-da bar, sapa-da» atly döredijilik bäsleşigi yglan edildi

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi Geňeşi «Edebiýat we sungat» gazetiniň redaksiýasy bilen bilelikde Türkmen bedewiniň milli baýramy hem-de Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň döredilmeginiň 10 ýyllygy mynasybetli «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly döredijilik bäsleşigini yglan edýär.

Döredijilik bäsleşigine hödürlenilýän makalalarda we goşgularda ahalteke bedewlerimiziň gözelligi, wepalylygy çeper wasp edilmelidir. Şeýle-de olarda ussat seýisleriň, atşynaslaryň baý tejribeleri, gadymy at esbaplaryny ýasamak bilen meşgullanýan senetçileriň hem-de ahalteke bedewlerini suratlandyran nakgaşlaryň, heýkeltaraşlaryň, amaly-haşam sungatynyň ussatlarynyň döreden eserleri baradaky pikirler öz beýanyny tapmalydyr.

Bäsleşige gatnaşyjylar eserlerini «edebiyatwesungat@sanly.tm» elektron salga ibermeli.

Eserler 2024-nji ýylyň 10-njy apreline çenli kabul edilýär.

Ýeňijilere bäsleşigi guraýjylar tarapyndan Hormat hatlary we sowgatlar gowşurylar.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok