Ýaponiýada Türkmenistanyň söwda öýüni açmak göz öňünde tutulýar

Türkmen wekiliýetiniň Tokio şäherine iş saparynyň çäklerinde 2024-nji ýylyň 22-23-nji ýanwarynda Ýaponiýanyň daşary söwda guramasynyň (JETRO) ýerine ýetiriji direktory hem-de başlygy Işiguro Norohiko bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşykda taraplar Türkmenistanyň Ýaponiýada söwda öýüni açylmak mümkinçilikleri boýunça pikir alyşdylar.

“JETRO” guramasynyň wekilleri bilen geçirilen duşuşykda “JETRO” guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň açylmagynyň mümkinçilikleri boýunça pikir alşyldy. Şeýle-de şu ýylyň birinji ýarymynda türkmen tarapynyň “JETRO” guramasy bilen bilelikde işewürlik forumyny geçirmek boýunça meýilleri beýan edildi.

Şeýle hem türkmen wekiliýeti Ýaponiýanyň Eksport we maýa goýum ätiýaçlandyryş guramasynyň (NEXI) ýerine ýetiriji direktory hem-de başlygy Asuo Kuroda bilen duşuşyklary geçirdi. Gepleşikleriň dowamynda maýa goýum ulgamynda hyzmatdaşlygyň täze ugurlary, hususan-da, Türkmenistanda ähmiýeti uly bolan taslamalaryň maliýeleşdirilmegine dürli maýa goýum guramalarynyň çekilmeginiň mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşyldy.

Mähriban AGAJANOWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok