Türkmenistanly eminler CAFA-nyň okuw-maslahatyna gatnaşdylar

Ýurdumyzyň FIFA derejeli eminleri Resul Mämmedow, Arslan Goşşanow hem-de Çarymyrat Gurbanow 20 — 24-nji ýanwar aralygynda Merkezi Aziýanyň Futbol Assosiasiýasy (CAFA) tarapyndan Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde geçirilen eminleriň okuw-maslahatyna (CAFA Referees Seminar) gatnaşdylar.

Okuw-maslahatynyň dowamynda 2024-nji ýylyň dowamynda CAFA tarapyndan geçiriljek futbol bäsleşiklerinde FIFA tarapyndan girizilen üýtgeşmeleri ornaşdyrmagyň hem-de ulanmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Eminler topary şu okuw-maslahatynyň üsti bilen halkara derejesindäki duşuşyklarda netijeli eminlik etmek boýunça uly tejribe topladylar, kämilleşmek üçin ajaýyp mümkinçilik aldylar.

Atajan ILBEGIÝEW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok